Sepleriň elýeterliligi

Orsýet we Pakistan ilkinji harby türgenleşik geçirerler


Harby dikuçar

Harby dikuçar

Pakistan bilen Orsýet bilelikde özleriniň ilkinji harby türgenleşigini geçirerler. Üstümizdäki ýylyň aýaklarynda geçiriljek bu türgenleşigiň Yslamabat bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň sowaşýan mahalyna gabat gelmegi Günorta Aziýada täze döräp gelýän ýaranlygyň alamaty bolmagy mümkin.

Pakistanyň ýokary derejeli resmileriniň "Express Tribune" neşrine aýtmagyna görä, türgenlişige iki tarapdan 200 töweregi harby işgär gatnaşar.

Pakistanyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Nafis Zakarýa Maşaal radisyna beren interwiýusynda türgenleşikleriň Orsýet bilen indi ýol alyp gelýän giň gerimli gatnaşyklaryň bu bölegidigini tassyklady.

"Iki ýurt dürli ugurlarda birek-birege barha ýakynlaşýarlar. Bilşiňiz ýaly, Demirgazyk-Günorta gaz geçirijisiniň kontrakty ýaňy Orsýete berildi. Iki milliard dollarlyk bu şertnama bir kiçi-girim zat däl. Bu zatlaryň hemmesi iki ýurt arasyndaky gatnaşyklaryň çalt ösýändigini görekezýär" diýip, Zakarýa aýdýar.

Moskwa bilen Yslamabadyň gatnaşygynyň ýylamagy Birleşen Ştatlar bilen Pakistanyň iň uly bäsdeşi bolan Hindistan arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenýän mahalyna gabat gelýär.

Birleşen Ştatlar golaýda Hindistan bilen möhüm goranyş we ykdysady ylalaşyga gol çekişdi. Amerikanyň döwlet sekretary Jon Kerri öten aý Täze Delä sapara baranda pursatdan peýdalanyp, Pakistany ýiti tankytlady.

"Regionda köp özgerişler bolýar. Täze ýaranlyklar ýüze çykýar. Pakistan bu zatlary sypdyrman synlaýar. Şol sebäpden haçan-da özgerişler bolsa we bu özgerişler bize öz täsirini ýetirse, biz öz daşary syýasatymyzy täzeden gözden geçirýäris" diýip, Zakarýa aýdýar.

Onuň bellemegine görä, Orsýet bilen barha artýan gatnaşyklar regionda bolýan özgerişlerden we Pakistanyň öz goňşulary bilen ýakyn gatnaşyklary ösdürmek arzuwyndan gelip çykýar.

Moskwa bilen giňräk goranyş we ykdysady hyzmatdaşlygy isleýän ýeke Yslamabat däl, "Orsýet-de Pakistana ýokary ähmiýet berýär" diýip, Zakarýa aýdýar. Ol muny hem Pakistanyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmagyny Orsýetiň goldanlygy bilen delillendirýär.

Zakarýa şol bir wagtyň özünde-deYslamabat Hinsdistan bilen gatnaşyklaryny artdyranlygy sebäpli Amerikadan öç almak üçin Orsýete ýakynlaşýar diýilýäni ret edýär.

"Bu biri utup, biri utulýan oýan däl. Pakistan-Amerikan gatnaşyklary giň gerimli, örän gadymy gatnaşyklar. Galyberse-de, Birleşen Ştatlar bilen "biziň uzak möhletli goranyş hyzmatdaşlygymyz we terrorizme garşy köp hyzmatdaşlygymyz bar" diýip, Zakarýa aýdýar.

XS
SM
MD
LG