Sepleriň elýeterliligi

Ghani iki günlük sapar bilen Hindistana bardy


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani (ç) we Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi (s), Nýu Deli, 14-nji sentýabr, 2016

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani (ç) we Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi (s), Nýu Deli, 14-nji sentýabr, 2016

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bilen gepleşik geçirmek üçin iki günlük sapar bilen Nýu Delä bardy.

Ghaniniň bu saparynyň dowamynda Hindistandan “Talybanyň” söweşijilerine garşy söweşýän Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri üçin harby kömegi artdyrmagy soramagyna garaşylýar.

Owganystan Hindistandan harby üpjünçiligi, şol sanda agyr ýaraglaryň üpjünçiligi artdyrýar. Geçen ýylda Hindistan Kabula ilkinji gezek Mi-25 kysymly söweş dikuçaryny beripdi.

Owganystan goňşy Pakistan bilen deňagramlylyk saklamak üçin Hindistan bilen ýakyn gatnaşyklaryny ösdürýär. Owganystan Pakistany “Talybany” goldamakda aýyplaýar.

Aşraf Ghani 2014-nji ýylda döwlet başyna geçeli bäri Hindistana ikinji gezek sapar edýär.

XS
SM
MD
LG