Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Iki zenana YD bilen baglylykda iş kesildi


Gyrgyzystanyň Jalal-Abad şäheri

Gyrgyzystanyň Jalal-Abad şäheri

Gyrgyzystanyň sudy iki ýerli zenany Siriýada “Ysam döwleti” (YD) toparynyň düzüminde söweşmek üçin bir ýaş zenany hakyna tutmaga synanyşmakda aýyplap, türme tussaglygyna höküm etdi.

Jalal-Abad regionynyň sudunyň 14-nji sentýabrda çykaran kararyna laýyklykda 55 ýaşly Mohirahon Akimžanowa we 30 ýaşly Nargizahon Raimžanowa alty we ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildiler.

Sud olaryň ýene bir gyrgyz zenanyny YD toparynyň ekstremistlerine goşulmaga internet arkaly ündändigini aýtdy.

Derňewçiler Raimžanowanyň erkek doganynyň Siriýada YD toparynyň düzüminde söweşýändigini aýdýarlar.

Soňky aýlarda öňki Sowet respublikalarynda onlarça adam Siriýada we Yrakda ekstremist toparyň düzüminde söweşmek üçin adamlary hakyna tutmakdagüman edilip, saklandy ýa-da tussag edildi.

XS
SM
MD
LG