Sepleriň elýeterliligi

Siriýa adatdan daşary kömegiň berilmegine garaşylýar    


Ynsanperwer kömegi paýlanýar, Damask, 2016.

Ynsanperwer kömegi paýlanýar, Damask, 2016.

Siriýada ok atyşygy bes etmek barada ylalaşygyň esasan üpjün edilmegi bilen bilelikde adatdan daşary kömegiň 14-nji sentýabrda berilip başlanmagyna garaşylýar.

BMG-niň Siriýa boýunça wekili Staffan de Mistura 13-nji sentýabrda eden çykyşynda ok atyşygy bes etmek barada ylalaşygyň 12-nji sentýabrda agşam güýje girmeginden soň 24 sagadyň dowamynda “zorlugy bes etmekde uly öňegidişligiň” bolandygyny belledi.

Britaniýada ýerleşýän “Siriýada adam hukuklarynyň gözegçisi” atly gurama Siriýanyň dürli böleklerinde hökümet goşunynyň we gozgalaňçy güýçleriň arasynda ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň diňe bir gezek bozulandygyny aýtdy. Adam pidalary barada maglumat berilmedi.

De Mistura BMG-niň kömeginiň örän tiz wagtda elýeterli boljagyny, onuň 250 müň adamyň gabawda galýan ýeri Aleppo şäherine hem niýetlenýändigini aýtdy.

Mistura BMG-niň Siriýanyň hökümetiniň kömegiň berilip başlamagyna rugsat bermegine garaşýandygyny aýtdy. Siriýanyň hökümeti Damask we BMG bilen sazlaşdyrylmadyk islendik kömegi ret etjekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG