Sepleriň elýeterliligi

Astananyň harby sudy gazak biznesmeniniň işine seredýär


Biznesmen Tohtar Toleşowa degişlidigi aýdylýan ýarag, Astana, 11-nji iýul, 2016.

Biznesmen Tohtar Toleşowa degişlidigi aýdylýan ýarag, Astana, 11-nji iýul, 2016.

Astananyň sudy hökümeti agdarmak synanyşygynda we ekstremizmde aýyplanýan, şeýle-de bikanun ýarag söwdasyna baş goşmakda güman edilýän gazak biznesmeniniň işini diňläp başlady.

Astananyň harby sudunyň 14-nji sentýabrda geçirýän diňlenişigi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär.

Gazagystanyň piwo öndürýän iň uly kärhanalaryň baş dolandyryjy müdiri Tohtar Toleşow ýanwar aýynda ýene 24 adam, şol sanda baş prokuroryň öňki orunbasary we günorta Gazagystanyň regional polisiýasynyň öňki ýolbaşçysy bilen bilelikde tussag edilipdi. Jemi 25 adam sud edilýär.

Toleşowyň tussaglygy Astananyň orsýetçi we milletçi aktiwstlere gysyş görkezmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Toleşow düýbi Orsýetde ýerleşýän “Terrorçylyk howplary boýunça analiz merkezi” atly guramanyň Gazagystandaky edarasyny dolandyrypdy. Şeýle-de ol Orsýetiň parlamentiniň ykdysady hyzmatdaşlyk we din boýunça maslahatçysydy.

XS
SM
MD
LG