Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilim gytçylygy bahalaryň ýokarlanmagyna getirdi


Türkmenabat
Türkmenabat

Üç aýdan gowrak wagt bäri dowam edip gelýän çilimiň ýiti gytçylygy, çilimiň gün günden gymmatlamagyna sebäp bolýar.

Häzirki wagtda lebap welaýatynyň merkezi bolan türkmenabat şäherinde çilimiň bir gutusynyň bahasy 50-60 manatdan satylýar. Bu hem çilim üçin kesgitlenen durnukly baha diýmek kyn. Çilim azaldygyça onuň bahasy hem şoňa görä gymmatlaýar. Häzirki wagtda çilim çeker ýaly bolmady, men bir guty çilim alsam çagalarymyň rysgyny kemeldenim ýaly görýän diýip 45 ýaşlaryndaky türkmenabatly Pirguly aýdýar.

Pirgulynyň aýtmagyna görä ol eýýäm 20 ýyl gowrak wagt bäri çilim çekip gelýär. Pirguly ýaly köp adam üçin bu hili bahadan çilim çekmeklik el ýeter däl we käte ýarym bu çilimi sanlaýyn alýarlar.

Çilimiň sanlaýyn görnüşinden satylan bahasy häzirki wagtda üç manada barabar boldy. Daşary ýurtlaryndan çilim getirmeklik häzirki wagtda diňe hökümetiň garamagyndaky söwda edaralaryna ygtyýar berildi, şu ýyldan başlap onuň satuwy hem diňe hökümete degişli dükanlarda satylmaly edildi.

Emma häzirki wagtda hökümete degişli dükanlaryň hiç birinde satuwda duran çilim ýok. Çilimiň gytçylygy barada resmi mediada hem hiç hili maglumat berilmeýär. Gowuşýan habarlara görä resmi taýdan ýurda çilim getirmeklik häzirki wagtda togtadylypdyr.

Emma bu hili maglumaty tassykladyp ýa inkär etdirmek başartmady. Bu satylýan çilim hökümet dükanlaryna degişli bolmadyk hususy dükanlarda, ýa bolmasa hususy öýlerde gizlinlik bilen satylýar. Ýagny çilim üpjünçiligindäki nogsanlyklar çilimiň gara bazarynyň emele gelmegine sebäp boldy.

"Şu çilimi häzirä satar ýalam däl, üstüň diňe barlag üstüne barlag. Tutulaýsaň jerimesem ýokary" diýip, türkmenabatly 35 ýaşlaryndaky söwdagär Alty aýdýar.

Altynyň aýtmagyna görä çilimi olara belli adamlar getirip berýär. Ondada arzan alanlarynda her gutudan 10 manat girdeji görmese satmaýandygyny aýdyp şeýle diýýär.

Häzirki wagtda çilim satyp tutulsaň 25000 manat jerimesi bar. Şonuň üçin çilim söwdasy gorky bilen satylýar.diýip ol aýdýar. Çilimiň gytalmagy ilat arasynda gara temmäkiniň ýagny 'mahorka' söwdasynyň hem möwjemegine getirdi. Häzirki wagtda gara temmäkiniň bir gijiräk stakany bir manatdan satylýar.

Mahorkanyň ekimi we satuwy eýýäm ençeme wagtdan bäri bikanun diýilýär. Kähalatlarda hukuk goraýjy edaralaryň gara temmäkini ekýänlere garşy iş hem alyp barýandyklaryny aýdýarlar.

Gara temmäki tapmadyk adamlar bolsa çilimiň öwezini doldurmak üçin gara çaý hem çekýändikleri hakda maglumatlar gowuşýar.

Şol bir wagtyň özünde nikotina bolan baglylykdan goýdurýan dürli sakgyç görnüşindäki ýa bolmasa spreý görnüşindäki dermanlary şäheriň dermanhanalarynda satylmaýar.

Temmäki önümleriniň dükanlaryň tekçelerinden ýitirim bolmagynyň sebäpleri dogrusynda Türkmenabadyň degişli resmilerinden hiç düşündiriş almak başartmady.

XS
SM
MD
LG