Sepleriň elýeterliligi

Täze kanun ömürlik prezidentlige ýol açýar


Türkmenistanyň Baş kanuny, 2007.

Türkmenistanyň Baş kanuny, 2007.

Türkmenistanyň parlamenti, Aşgabatda geçýän ýaşulular maslahatynda ses berip, döwletiň täze konstitusiýasyny biragyzdan kabul etdi, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tassyklamak baradaky kanuna gol çekdi diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Kabul edilen kanun prezidentlik möhletini 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaldýar.

Mundanam başga, 2008-nji ýylda kabul edilen kanunda prezidentlige kandidatyň ýaş çägi kyrkdan ýaş, 70-den aňry bolmaly däl diýlip kesgitlenen bolsa, täze kanunda 70 ýaş çägi aýrylypdyr.

Bu Berdimuhamedowyň iş ýüzünde ömürlik döwlet baştutany bolup biljegini hem aňladyp biler.

Şol bir wagtda, täze kanunyň 17-nji maddasy Türkmenistanda syýasy köpdürlüligi we köppartiýalylygy ykrar edýär.

Mundanam başga, täze kanun raýat jemgyýetiniň ösmegi, jemgyýetçilik birleşikleriniň gurulmagy üçin şertleriňdöredilmegini, adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesiniň girizilmegini kepillendirýär.

Prezident Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatynda söz sözläp, täze konstitusiýanyň halkara hukugynyň ykrar edilen normalary esasynda işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.

Emma ýerli synçylaryň käbiri ÝHHG-nyň biraz öň bu kanun taslamasy hakynda çap eden 73 sahypalyk kommentariýasynda berlen rekomendasiýa-maslahatlaryň o diýen nazarda tutulmandygyny aýdýarlar.

Mysal üçin, Türkmenistanda prezidentlige kandidat boljak adamyň soňky 15 ýylda ýurt içinde hemişelik ýaşamagy talap edilýär. ÝHHG-nyň synynda bu talabyň halkara normalaryna, deňlik ýörelgelerine gabat gelmeýändigi, ÝHHG-nyň Kopengagen dokumentiniň 24-nji punktuna, beýleki halkara borçnamalaryna ters gelýändigi aýdylýar.

Mundanam başga, ÝHHG-nyň synynda 39-njy madda, hereket azatlygy barada gürrüň edilip, Türkmenistanyň raýatyň hereket azatlyklary barada öz üstüne alan halkara borçlary ýatladylýar. Ýagny kanunda her bir adamyň islendik ýurda gitmek, şol sanda öz ýurdundan hem gitmek we gaýdyp gelmek hukuklarynyň kepillendirilmegi maslahat berilýär. Emma täze kanunda bu maslahat nazarda tutulmandyr.

Şeýle-de kanunda demokratik jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolan metbugat, söz azatlygy, senzuranyň gadagan edilmegi, garaşsyz we köpdürli habar beriş serişdeleriniň döremegine ýardam etmek, adam hukuklary boýunça ygtyýarlygy wekiliň garaşsyzlygyny üpjün etjek kanun normalaryny berkitmek, ýaşaýyş jaý we emläk hukuklaryny kämilleşdirmek barada rekomendasiýalar berlipdi.

Täze kanunda ýeriň döwlet eýeçiliginde galýandygy aýdylýar, ýogsa biraz öň prezident Berdimuhamedowyň özi, döwlet eýeçiligindäki hojalyklarda hasyllylygyň pesdigini aýdyp, ekerançylyk ýerlerini hususy eýeçilige bermek meselesini gozgapdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylda kabul edildi, soň ol ýurduň şol wagty prezidenti S.Nyýazowyň islegi boýunça 1995, 1999, 2003-nji we 2006-njy ýyllarda üýtgeşmelere we düzedişlere sezewar edildi.

Täze konstitusiýa, resmi metbugatda aýdylmagyna görä, milli hukuk sistemasynyň daýanjy, kanunyň hökmürowanlygynyň, raýat hukuklarynyň we azatlyklarynyň, halk häkimiýetiniň üýtgewsiz ýörelgeleriniň kepili bolup çykyş eder.

Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik guramalar we adam hukuklary edarasy Azatlyk radiosynyň Türkmenistanyň täze kabul edilen konstitusiýasywe onda öz rekomendasiýalarynyň hasaba alnyşy barada pikir sorap ýazan hatyna bu kanunyň gutarnykly görnüşiniň özlerine gowuşmandygyny aýdyp jogap berdiler.

ÝHHG-nyň Demokratik guramalar we adam hukuklary edarasynyň wekili Lauren Baranowskanyň ýazmaça jogabynda wada berilmegine görä, olar türkmen konstitusiýasynyň halkara normalaryna gabat gelip-gelmeýändigi baradaky pikirlerini diňe türkmen häkimiýetleri onuň gutarnykly görnüşini berenlerinden we ol iňlisçä terjime edilenininden soňaýdyp bilerler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG