Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistan: 2017-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryna üç partiýa gatnaşar


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow

Türkmenistanda 2017-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna ilkinji gezek üç sany partiýanyň gatnaşjakdygyny prezident G.Berdimuhamedow 14-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Ýaşulular maslahatynda aýtdy.

Türkmenistanda hasaba alnan üç syýasy partiýa bar. Häkimiýet başyndaky Demokratik partiýasy 1991-nji ýylyň dekabr aýynda döredilipdi. Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 2012-nji ýylyň awgust aýynda we Agrar partiýasy 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda döredilipdi.

Bu partiýalaryň bäsdeşliginiň ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna täze äheň we many berjekdigini aýdan G.Berdimuhamedow öz halkyna hyzmat etmek isleýän her bir ýokary bilimli, düşünjeli we uly tejribä eýe bolan raýata syýasy partiýalardan ýa-da raýat toparlaryndan Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaş etmek üçin mümkinçilik döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

Berdimuhamedow bu çykyşyny prezidentiň ygtyýarlygyny artdyrýan Konstitusiýanyň kabul edilmegine gol çeken maslahatynda etdi.

2006-njy ýylyň aýagynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýogalmagyndan soň häkimiýet başyna geçen G.Berdimuhamedow prezidentlik wezipesine iki gezek saýlandy.

XS
SM
MD
LG