Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Klintonyň lukmany onuň prezidentlige 'ukyplydygyny' aýtdy


Hillari Klinton, 11-nji sentýabr, 2016.

Hillari Klinton, 11-nji sentýabr, 2016.

Hillari Klintonyň doktory ABŞ-nyň prezidenti wezipesine Demokratik partiýanyň dalaşgäriniň prezident wezipesini “ýerine ýetirmek üçin sagdyn we ukyplydygyny” aýtdy.

“Ol antibiotikler we dynç alyş arkaly aýaga galýar”, diýip doktor Lisa Bardak 15-nji sentýabrda ýaýradylan beýannamasynda aýtdy.

68 ýaşly Klinton geçen dynç günlerinde 11-nji sentýabr wakalarynyň hatyrasyna Nýu Ýorkda geçirilen çärede “başy aýlanyp” ýykylandygyny tassyklady.

Klintonyň saglygynyň daşynda turan dawa onuň Ak Tama ýolbaşçylyk etmek ukybyna degişli aladalanmalary tutaşdyrdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Trump Klintonyň saglygyna degişli medisina maglumatlary paş etdi.

XS
SM
MD
LG