Sepleriň elýeterliligi

BMG: Gündogar Ukrainada ölenleriň sany 9600-den aşdy


Gündogar Ukrainadaky konfliktden gaçyp öýlerini terk eden adamlar, ynsanperwer kömegini paýlaýan merkeziň öňünde nobatda durlar, Kiýew

Gündogar Ukrainadaky konfliktden gaçyp öýlerini terk eden adamlar, ynsanperwer kömegini paýlaýan merkeziň öňünde nobatda durlar, Kiýew

BMG gündogar Ukrainadaky konfliktde wepat bolanlaryň sanynyň 9600 adamdan geçendigini we regionda ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýtdy.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça edarasynyň 15-nji sentýabrda aýtmagyna görä, konflikt bilen baglylykda 9640 adamyň ölümi hasaba alynypdyr, şeýle-de 2014-nji ýylyň aprel aýynyň ortalaryndan bäri Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň, raýatlaryň we ýaragly toparlaryň arasynda jemi 22431 adam ýaralanypdyr.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça edarasynyň şu ýylyň maý we awgust aýlarynyň aralygyna degişli döwüre syn edip beren maglumatynda gündogardaky konflikt bilen bagly pidalaryň sanynyň ozalky üç aý bilen deňeşdirilende 66% ýokarlanandygy aýdyldy.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça edarasynyň Ukrainadaky missiýasy syn edilýän üç aýlyk döwürde regionda 188 adamyň heläkçilige uçrandygyny, olardan 28 adamyň wepat bolandygyny we 160 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG