Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany-Eýran: Biri-birini “musulman däl” diýip aýyplaýar


Saud Arabystanynyň we Eýranyň baýdaklary.
Saud Arabystanynyň we Eýranyň baýdaklary.

Saud Arabystany bilen Eýran birek-biregi ”musulman däl” diýip aýyplaýarlar. Soňky garşylyklaýyn çykyşlar Eýranyň ruhany lideri Aýatolla Ali Hamaneýiniň eden tankydy sebäpli bolupdyr.

Ýakyn Gündoganyň iň uly iki geosyýasy bäsdeşleri haj zyýaratynyň başlamagynyň öňüsyrasynda gaýtadan garşylyklaýyn çykyşlar edipdirler. Olaryň arasyndaky sünni-şaýy dawasyna, sebitde dowam edip duran gandöküşikli “proksi söweşlerinde” (iki ýurduň arasynda bolýan, ýöne gönümel gatnaşmaýan söweşinde) hem duş gelmek bolýar. Wagtal-wagtal olaryň birek-bireginiň mertebesini peseltmek üçin, “at dakyp” edýän çykyşlary hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Ahyrky garşylyklaýyn çykyşlar bolsa, Eýranyň ruhany lideri Aýatolla Ali Hamaneýiniň ýazgarmasyndan soň möwjäpdi. Hamaneýi howpsuzlyk we logistika barasynda geçirilen gepleşikleriň şowsuzlyga duçar bolmagyndan soň eden çykyşynda, Saud Arabystanyň eýranly zyýaratçylary haja goýbermändigini berk ýazgarypdyr.

“Betpälli we ýoldan çykyp, azan adamlar”

Geçen ýylky hajda resmi bolmadyk çeşmelere görä, 2 müňden köp hajynyň heläk bolangyna aýdylýan pajigaly waka henizem adamlaryň ýadyndan çykanok.

Saudiýa hökümetiniň bolsa şol pajygada has az adamyň ölendigini aýan edendigi hakykatdyr. Hamaneýi öz resmi internet sahypasynda eden çykyşynda, eýranlylar bilen bilelikde heläkçilige uçran beýleki hajylaryň saudiýalylaryň bilkastlaýyn hereketi ýa-da iş oňarmaýandygy sebäpli ölendigini aýdypdyr:

“Eýranly mertebeli möminleriň pyganberiň öýüne barýan ýoluny ýapan saudiýa resmileri... betpälli we ýoldan çykyp, azan adamlardyr. Olar dünýäniň kapyr güýçlerini goldap, siýonizm we ABŞ bilen hyzmatdaşlykda, özleriniň zulum hökümdarlygyny dowam etdirip biljekdigini pikir edýärler... Yslam älemi we şol sanda musulman hökümetler we halklar saudiýa resmilerini gowy tanamalydyr. Olaryň kapyr, imansyz we materiýalistdigine doly göz ýetirmelidir”.

“Biz muňa gowy düşünmelidiris...”

Eýranyň ruhany lideri saudiýaly resmileriň yslamyň iki mukaddes şäheriniň goragçylary bolmaga mynasyp däldigini ýazypdyr: “Bu resmileriň Allanyň myhmanlaryna zalym çemeleşmegine görä, yslam älemi iki mukaddes ýeriň we haj meselesiniň ýolbaşçylygna düýpli ýagdaýda täzeden garamalydyr”.

Şol güniň ertiri Saud Arabystanyň baş müftüsi Abdulaziz Al Şeýh muňa jogap höküminde eden çykyşynda, Hamaneýiniň tankydynyň Eýranyň sünnilere garşy duşmançylygy bilen arabaglanşyklydygyny ýaňzydypdyr.

Eýranyň teokratik režimi özüni şaýy yslamynyň baýdagyny göterýän öňbaşçysy hasaplaýar. Wahhabit mezhebinden bolan saudiýalylar bolsa özüni sünni musulmanlaryň lideri ýaly hasaplaýarlar.

Saudly baş müfti Eýranyň yslamdan owalky taryhyna, ýagny otparazlyk döwrüne aýratyn üns çekmek bilen, ol gadymy mirasyň öz täsirini häzirki döwürde hem görkezýändigini nygtapdyr:

“Biz muňa gowy düşünmelidiris. Olar otparazlaryň neslidir we olaryň musulmanlar, ylaýta-da sünniler bilen duşmançylygy gaty gadymýetden gözbaş alýar”.

Aýyplamalar dowam edýär

Yrak, Siriýa, Liwan we Ýemende ýüze çykan gandöküşikli söweşlerde hem Eýran bilen Saud Arabystany düýpden gapma-garşylykly toparlaryň tarapynda durýarlar. Dartgynlyklaryň hem düşünişmezlikleriň her birinde, her pursatda mezhep dawasy özüniň täsirini gaty ýiti mälim edýär. Şonuň üçinem bu iki ýurduň arasyndaky gapma-garşylykly çykyşlar diýseň howply netijelere sebäp bolup biler.

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif Twitter sosial ulgamyndaky öz sahypasynda saudly baş müfti Al Şeýhiň aýdan sözlerine jogap beripdir. Ol saud wahhabitliginiň häzirki zaman fundamentalist terrorçylar bilen arabaglanşyklydygyny belläpdir. “Ýöne saudlylar eýranlylary dünýä ýaragly terrorçylary ýaýradýan güýç ýaly görkezmäge synanyşýarlar”.

Zarifiň saudiýaly kärdeşi Adel al-Juneir bolsa geçen hepde eden çykyşynda: “Tähran režimi sebitiň milli howpsuzlygyna zyýan berýän käbir harby hereketleri goldaýar” diýipdir.

Ol öz çykyşyny şeýle sözler bilen tamamlapdyr: “Biz şeýle beýik taryha we beýik millete eýe bolan eýran halkynyň 1979-njy ýylda ýola goýan syýasatyny üýtgedip, halkara jemgiýetiň täze agzasyna öwrülmegini arzuw edýäris”.

XS
SM
MD
LG