Sepleriň elýeterliligi

Zorlanan gyzjagazlaryň kazyýetdäki ýedi aýlawy


Illýustrasiýa

Illýustrasiýa

Adam hukuklaryny goraýjylaryň beýannamalaryna görä, kämillik ýaşyna ýetmedik gyzjagazlaryň zorlanmagy baradaky kazyýet işleri bilkastlaýyn uzaga çekdirilýär. Netijede, kanun goraýjy organlar hemişe şeýle ýagdaýa duçar edilen ýaşlaryň çekýän ruhy ejirlerini göz öňünde tutmaýarlar.

15 ýaşyndaky Aýjemal özüniň duçar bolan şeýle ýagdaýyny ýatlamak islemeýär. Ol eýýäm bäş ýyldan bäri ruhy azapda ýaşaýar. Ol çagaka onuň ene-atasy aýrylşypdyr we ol öz kakasy bilen ýaşamaly bolupdyr. Ene mährinden ganyp ýetişmedik gyzjagaz öz kakasyndan edep-terbiýe öwrenip bilmändir. Gaýtam, hemişe onuň zulmuna duçar bolupdyr:

– Kakam hemişe urýardy. On ýaşyma çenli gaty erbet edip ýençýärdi. Onsoň ol meni bir gün zorlady. Üçünji klasdan bäri mekdebe gatnamaýaryn. Kakam şeýle görnüşde meni ululylaryň, ýagny kämillik ýaşyna ýetenleriň hakyky durmuşyna taýýarlaýandygyny aýtdy. Men öz janyma kast etmek isledim. Soň goňşymyzyň çagasyna seredip, pul gazandym. Onuň ene-atasy meniň duş gelen ýagdaýymy öwrenip, soň maňa kömek etdiler. Men saglyk barlagyndan geçdim hem kakam barada arza berdim. Soň meni çagalar öýüne iberdiler. Ilki bada öz başymdan geçiren wakamy gürrüň bermek meni erbet gorkuzýardy. Şeýle-de, gaty uýalýardym. Kazyýetde men ähli bolan ýagdaýy gürrüň berdim. Kakam bolsa, meniň ýalan aýdýandygymy aýdyp, sud zalynda gygyrdy. Ýöne men ahyryna çenli göreşmek isleýärin.

Gyzjagazyň kakasyna garşy “Adam zorlamakdan” jenaýat işi gozgalypdyr. Gyzjagazyň özüni bolsa çagalar öýüne iberipdirler. Ýöne bu sud işi indi eýýäm iki ýyla çenli uzap gelýär. Yzgiderli gaýtalanýan sud işinde Aýjemal öz başyndan geçiren şol elhenç ýagdaýy edil şol pursatdaky ýaly gaýtadan duýmaly bolýar.

Çagalar öýüniň guramaçy ýolbaşçysy Roza Sulaýmanowa sud işleriniň we proseduralarynyň şeýle ýagdaýda uzaga çekdirilmeginiň çaganyň ruhy saglygyny dikeltmäge päsgel berip biljekdigine üns çekýär:

– Haçan-da, aklawçy gelip, çagalara ertir täzeden kazyýete gidilmelidigini aýdanda, olar janhowluna näme etjegini bilmän, gaty aljyrap başlaýarlar. Olaryň käbiri suda gidip gelenden soň, sud mahaly özüniň başyndan geçiren wakasyny gaýtadan ýatlap, jenaýatkärden has beter gorkmaga başlandygyny gürrüň berýär. Olaryň käbirine jenaýatkäriň dogan-garyndaşlary haýbat atýarlar. Meselem, biziň çagalaryň ýanynda bolýan işärimiz bar. Beýlekileriň çagalaryň ýaynda bolýan adamy ýok. Bu meselä aslynda gaty dogry çemeleşilmeli. Soragy aslynda zenan maşgala alyp barmaly we wideo surata düşürilmeli. Soňam ony suda görkezmeli. Ana, şonda kämillik ýaşyna ýetmedik jenaýat pidalarynyň zol-zol suda çagyrylmagynyň öňüni alyp bolar. Uzaga çekdirilýän sud işleri olaryň ruhy sagylygyna gaty ýaramaz täsirini ýetirýär.

Çaga psihology Fatima Allaýarowa kämillik ýaşyna ýetmedikleriň onlarça sud işine gatnaşyp gelýär. Onuň aýtmagyna görä, sud mahaly çagalary gürletmek gaty kyn bolýar. Derňew işini alyp barýanlar, haçan-da çaga gorkmany goýup, özüne we töweregindäkilere ynanmaga başlan mahaly onuň sud işine gatnaşmagyna rugsat berýärler. Çaga psihology, kanun goraýjy organlarda bu ýagdaýa düşünip bilýän hünärmen kadrlaryň ýetmezçilik edýändigini belleýär:

– Her bir organ işgäri kämillik ýaşyna ýetmediklere nähili çemeleşilmelidigini bilýär. Ýöne gynansagam, muny ünsden düşürip, ýadyndan çykarýarlar. Kämahal diýseň gaty gödek derňewçilere duş gelinýär. Olaryň käbiri kämahal kämillik ýaşyna ýetmedik gyzjagazlaryň jenaýatkäriň özüni nädip zorlandygyny jikme-jik gürrüň bermäge mejbur edýär. Şeýle erbet ýagdaýy gaýtadan ýatlamak diňe bir ýetginjek üçin däl, galyberse-de ullakan adama-da başardýan ýagdaý däl. Şeýle bolanda, biz derňewçinin çagajyga sypaýçylykly we ätiýaçly çemeleşmegini haýyş edýäris. Çagany psiholigiýa taýdan goldap, oňa oňaýly çemeleşilmegini ýola goýýarys.

Ýokary suduň wekili Aýnur Toktoşowa bolsa ýüze çykan ýagdaýy başga ýagdaýlar bilen baglanyşdyryp, şeýle düşündirýär:

– Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zorlanmagy – iň elhenç jenaýatlaryň biri. Käbir halatlarda aýyplanýan ömür boýy azatlykdan mahrum edilýär. Şonuň üçinem gaty seresaply, jikme-jik derňew işi alnyp barylýar we muňa baglylykda sud işi hem uzaga çekip bilýär. Kämahal bolsa, aýyplanýanyň aklawçysynyň talaby bilen sud işi yza süýşürilýär. Sebäbi kanun şeýle ýagdaýa mümkinçilik berýär.

Häzirki ýagdaýda Aýjemalyň kazyýet işiniň haçan tamamlanjagy gümürtik. Ýöne muňa garamazdan, ol adalat üçin tutanýerlilik bilen göreşmegi ýüregine düwüpdir. Ol, şeýle-de, okuwy dowam etmegi, geljekde tanymal aýdymçy bolmagy arzuw edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG