Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bratislawa: ÝB-niň liderleri bileleşigiň geljegini maslahat edýärler


Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň duşuşygy, Bratislawa, 16-njy sentýabr, 2016
Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň duşuşygy, Bratislawa, 16-njy sentýabr, 2016

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri kynçylyklary başdan geçirýän bileleşigiň geljegi barada pikir alyşmak üçin Bratislawada duşuşdylar.

27 lideriň 16-njy sentýabrda Bratislawada geçirýän duşuşygyna Britaniýa gatnaşmaýar. Duşuşykda indiki ýylyň mart aýynda ÝB-niň döredilmegi baradaky Rim ylalaşygynyň 60-njy ýyl dönümine gabatlanyp geçiriljek sammitde kabul ediljek plan boýunça ylalaşylmagyna garaşylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň arasynda Ikinji jahan urşundan soňky döwürde dörän migrant krizisi bilen baglylykda uly bölünişik saklanyp galýar. Şeýle-de Ýewropa Bileleşigi terrorçylykly hüjümleriň we düzüminden Britaniýanyň çykmagynyň täsiriniň astynda galýar.

Liderleriň goranmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, ÝB-niň daşarky serhetlerinde howpsuzlygy ýaýbaňlandyrmak we bileleşiginiň maýa goýumlar fondunyň göwrümini artdyrmak meseleleri maslahat etmegine hem garaşylýar.

ÝB-niň prezidenti Donald Tusk sammitiň öňýanynda eden çykyşynda liderler “ýagdaýa berk we açyk baha bermeli” diýdi.

XS
SM
MD
LG