Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň, Orsýetiň harby ýolbaşçylary Siriýany maslahat edýärler


Howa zarbalaryndan gaçýan siriýalylar, gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Douma şäheri, 9-njy sentýabr, 2016
Howa zarbalaryndan gaçýan siriýalylar, gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Douma şäheri, 9-njy sentýabr, 2016

Orsýetiň baş harby ýolbaşçysy 15-nji sentýabrda Türkiýä sapar edip Siriýadaky ýagdaýy maslahat etdi.

Türkiýäniň döwlet gözegçiligindäki Anadoly agentliginiň maglumatyna görä, Orsýetiň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň general Waleriý Gerasimow we Türkiýäniň generaly Hulusi Akar Türkiýäniň goşunynyň Ankaradaky baş edarasynda duşuşdylar.

Orsýetiň Goranmak ministrligi gepleşikleriň iki harby ýolbaşçynyň “Siriýadaky häzirki ýagdaý barada we ok atyşygyň bes edilmegini berjaý etmek boýunça zerur çäreler barada pikirlerini mälim etmäge” mümkinçilik berendigini aýtdy.

Ministrlik Gerasimowyň we Akaryň “Iki ýurduň harbylarynyň arasyndaky dialogy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmäge isleglerini” ýene tassyklandyklaryny belledi.

Orsýet we ABŞ 12-nji sentýabrda Siriýada güýje giren ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşykda araçylyk etdiler. Ylalaşyga laýyklykda hökümet güýçleriniň we ABŞ tarapyndan goldanýan oppozisiýanyň arasyndaky söweşler togtadylmaly.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Siriýa bilen serhedinde Orsýetiň harby uçaryny urup gaçyrmagynyň yzýany Moskwa we Ankara ýedi aýlap aragatnaşyk saklamadylar. Ýurtlaryň arasy iýul aýynda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyndan soň dikelip başlandy.

XS
SM
MD
LG