Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko: Orsýet Krymy “konsentrasion lagere” öwürdi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Orsýeti Krymy “konsentrasion lagere” öwürmekde aýyplady we Günbatar ýurtlaryny Moskwa garşy täze sanksiýalary girizmäge çagyrdy.

Ýewropanyň Ýalta strategiýasy atly forumda Kiýewde eden çykyşynda Poroşenko Orsýetiň Krymy 2014-nji ýylyň mart aýynda basyp alaly bäri Ukrainanyň raýatlaryna, şol sanda Krym tatarlaryna garşy “repressiw syýasaty” ulanýandygyny aýtdy.

Poroşenko ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we beýlekiler Orsýetiň Ukraina goşulyşmagy bilen baglykda oňa garşy bar bolan sanksiýalary güýçlendirmeli diýdi.

Poroşenko Minskde gelnen parahatçylyk planynyň durmuşa geçirilmeginiň Orsýete garaşlydygyny aýtdy.

Poroşenko Ukrainanyň reformalary barada aýdyp, ýurduň adalat sistemasyny “korrupsiýanyň soňky galasy” diýip, atlandyrdy we 200 täze sudýanyň bellenmegini wada berdi.

XS
SM
MD
LG