Sepleriň elýeterliligi

Daşkent: Mirzoýew prezidentlik saýlawlaryna gatnaşar


Özbegistanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Şawkat Mirzoýew

Özbegistanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Şawkat Mirzoýew

Özbegistanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Şawkat Mirziýoýew dekabr aýyna bellenen prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşar, diýip ýurduň saýlaw komissiýasy 16-njy sentýabrda aýtdy.

Ozal hökümet baştutany bolan Mirziýoýewyň bäş ýyllyk möhlet üçin 4-nji dekabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda öňe saýlanan dalaşgär boljakdygy çak edilýär.

Mirziýoýew prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji wezipesine awtoritar prezident Yslam Kerimowyň ýogalmagyndan soň 8-nji sentýabrda bellendi.

Saýlaw komissiýasy Mirziýoýewiň prezidentlige dalaşgär edilip ýurduň iň uly partiýasy Özbegistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan öňe sürülendigini aýtdy.

Şeýle-de komissiýanyň mälim etmegine görä, parlamentiň düzümne girýän bäş partiýanyň biri Milli galkynyş demokratik partiýasy hem öz dalaşgärini belläpdir we onuň Sarwar Otamuradowdygyny mälim edipdir.

Özbegistanda geçirilen hiç bir saýlaw günbatar gözegçileri tarapyndan açyk we adalatly diýlip atlandyrylmady.

XS
SM
MD
LG