Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tolstoýyň “Uruş we parahatçylyk” barasyndaky garaýşy


“Uruş we parahatçylyk” atly roman esasynda surata düşürilen kinofilmden bir pursat
“Uruş we parahatçylyk” atly roman esasynda surata düşürilen kinofilmden bir pursat

Edebiýat älemine nazar aýlap, Tolstoýuň “Uruş we parahatçylyk” atly eserini nähili ýazyndygyna ser salalyň.

Tolstoýyň köne dekabrist hakda ýazan powestiniň göwrümi barha ulalyp, onuň umumy durky üýtgäpdir hem mazmuny has giňäp, Napoleon urşy baradaky romana öwrülipdir. Tolstoý “Uruş we parahatçylyk” romanyndaky ýüzlerçe gahrymana atlary birtopar adyň arasyndan saýlap alypdyr. Fransuzça ýazan bölümlerini kesip, soňra olary täzeden goşupdyr. Ýöne doly tamamlap gutarýança, ol romanyndan göwni suw içmändir.

Tolstoý 1856-njy ýylda uzak wagtlap sürgünde ýaşap, soň watanyna dolanan bir garry dekabrist hakda powest ýazmaga başlapdyr. 1869-njy ýylda bolsa ol powesti edil roman şekilli edip, hut dekabristleriň öldürilmeginiň öňüsyrasynda ýazyp gutarypdyr. Gürrüňini edýän eserimiziň aslynda “Uruş we parahatçylyk” atly romandygyny aňsatlyk bilen aňmak mümkindir.

Sibirden - Borodino meýdanyna

Tolstoý ilki bada ol romanyny “Dekabristler” diýip atlandyrypdyr. Haçan-da, Tolstoý romanyň üstünde işlemäge başlan mahaly hem dekabristleriň hereketi 1856-njy ýylda hasam möwjäpdir. Romanyň esasy üns merkezindäki baş gahrymany Piýer Bezuhow 30 ýyl Sibirde sürgünde bolandan soň, ýaşamak üçin Moskwa gaýdypdyr. Ýöne her bir ýagdaýy jikme-jik gürrüň bermegi halaýan Tolstoý owaly bilen gahrymanyň durmuşyny 1825-nji ýyldan başlap, okyjylaryna aýyl-saýyl edipdir. Eseriň gahrymany şol mahal eýýäm kämilleşen şahsyýet ekeni. Awtor onuň nädip kämilleşen şahsyýete öwrülendigini düşündirmek üçin, onuň durmuş ýoluna çuňrak aralaşypdyr. Şeýlelikde, romanyň nähili göwrüme eýe bolandygyny göz öňüne getirmek kyn däldir.

Borodino söweşini suratlandyrýan illustrasiýa
Borodino söweşini suratlandyrýan illustrasiýa

“Uruş we parahatçylygyň” bize gelip ýeten nusgasynyň üstünde ürç edip işlän Tolstoý aslynda romanda bolup geçýän hadysalary esasy ýazjak eseriniň sözbaşy bölümi hasaplapdyr. Bu Tolstoýyň esere girişende eýerýän öwrendikli endigi ekeni. Ýeri gelende ýatlasak, Dostoýewski hem “Karamazow doganlar” atly eserini ýazan mahaly hut şeýle ýagdaýa uçrapdyr. Ol şonda romanyny Alýoşa Karamazowyň durmuşy hakda boljak ullakan romanyň sözbaşysy ýaly ýazypdyr. Ýöne ýazyjy aradan çykandan soň eserde gürrüň berilýän hadysalar hem kemter galypdyr. Tolstoý hem “Uruş we parahatçylyk” bilen “Anna Karenina” atly eserlerini tamamlandan soňra ençeme gezek “Dekabirstler” atly powestiniň üstünde gaýtadan işlemäge synanyşyk edenem bolsa, onuň synanşyklary başa barmandyr we bize ondan diňe üç bölüm miras galypdyr.

Russiýa-Fransiýa urşuna ünsüni gönükdiren Tolstoý şol döwürde urşuň iki tarapyndaky (Napoleondan başlap Denis Dawydowa çenli) ýazylan hemme eserleri we taryhy çeşmeleri diýen ýaly okap çykypdyr. Ol 1812-nji ýylda bolan hadysalar hakda taryhy we çeper eserlerden emele gelen ullakan kitaphana döredipdir. Her gün öz jemlän kitaplaryny, gazet-žurnallaryny ýekän-ýekän okap çykmak üçin, bar wagtyny sarp edipdir. Ýöne okan kitaplarynyň arasynda ýekeje-de obýektiw ýazylan esere duş gelmändigi üçin, has köp wagt sarp etmeli bolupdyr. Döwrüň ýazyjylary ýa Aleksandr 1-njä, ýa-da Napoleona ýaranjaňlyk edip, olary mahabatlandyrypdyrlar. Taryhçylaryň ýazan maglumatlary bolsa oňa romanyny taryhy çeşmelere esaslandyrmaga kömek edipdir. Romanda taryhda möhüm rol oýnan permanlar, yza çekilmek buýruklary, uruş planlary, Napoleon bilen Aleksandr 1-njini özara alyşan hatlary, Kutuzowuň hatlaryndan bölekler ýaly çeşmelere gaty köp duş gelinýär. Gysgaça aýdylanda, Tosltoý çynlakaý roman döretmek üçin, elden gelenini gaýgyrmandyr.

Tolstoýyň “Uruş we parahatçylyk” romanynyň golýazmasy
Tolstoýyň “Uruş we parahatçylyk” romanynyň golýazmasy

Ýaňky zatlar ýeterlik bolmadyk ýaly, Tolstoý olardan daşaryn hut özi ýörite Borodino meýdanyna gidip görüpdir. Ol Borodinodan öz aýalyna şeýle hat ýazypdyr: “Saparymdan gaty hoşal boldum... Hudaý maňa sagdynlyk we parasatlylyk berse, nesip edeninden Borodino söweşi hakda şu wagta çenli hiç kimiň ýazyp bilmedik eserini ýazmakçy”.

Tolstoý sähranyň hemme tarapyna birlaý aýlanyp çykyp, ony ýagşy synlap, onuň ýerleşişini çyzypdyr. Oňa daş-töweregindäki şäherleri, günüň hereket ugruny we başga-da zerur bolan ähli jikme-jik maglumatlary goşupdyr.

15 giriş we 500 obraz

Wagty tygşytly sarp etmegi özüne endik edinen Tolstoý eserindäki obrazlaryň üstünde hem ençeme aýlap işläpdir. Bilermenler “Uruş we parahatşylyk” romanynda takyk 559 obrazyň – personažyň bardygyny anyklapdyrlar. Olaryň arasyndan 200 sanysy hakykat ýüzünde durmuşda ýaşap geçen şahsyýetler ekeni. Galanlarynyň aglabasy bolsa käbir adamlaryň prototipleridir.

Olar, gepiň gerdişine görä, romanyň başynda ýüze çykypdyr. Meselem, Nikolaý Rostowyň dosty Wasiliý Denisona meşhur partizan Denis Dawidowyň prototipi diýýärler. Rostowlar maşgalasynyň tanyşy Mariýa Ahrosimowa bolsa general-maýor Denisowuň gaýynenesi Anastasiýa Dmitriýewna Ofrosimowanyň prototipidir. Romandaky knýaz Nikolaý Andreýewiç Balkonski bolsa, Tolstoýuň eje tarapdan bolan babasynyň häsiýetine eýedir.

Bilermenleriň pikrine görä, Balkonskiniň gyzy Mariýa Wolkonskaýa bolsa, ýazyjynyň öz ejesiniň prototipidir. Öz ejesi ýazyjynyň ýadynda ýok ekeni. Ol iki ýaşyndaka ejesi ýogalypdyr. Ýöne, şonda-da, ol öz ejesine bolan hormatyny döreden obrazlarynyň üsti bilen bildiripdir.

“Uruş we parahatçylyk” romanyndaky gahrymanlaryň nesil şejeresi
“Uruş we parahatçylyk” romanyndaky gahrymanlaryň nesil şejeresi

Lew Tolstoýyň “Uruş we parahatçylyk” romanyndaky gahrymanlaryň nesil şejeresi ýazyjy eserindäki obrazlaryna at beren mahaly (bu görnüşi ýaly gaty aňsat iş däldi, sebäbi 500-den gowrak adam hakda gürrüň gozgalýar) olaryň hakyky familýalaryndan peýdalanypdyr (Razumowskiý, Meşerskiý, Lopuhin) ýa-da olaryň hakyky atlaryny biraz üýtgedipdir. Şeýlelikde Bolkinskiý (Wolkinskaýa), Drubeçko (Trubeçko), Kuragin (Kurakin), Dolohow (Dorohow) bolupdyr.

Ýazyjy öz romanynyň üstünde gaty sünnälik bilen diýseň erjel ýagdaýda uzak wagtlap işläp, ahyrynda ony çapa taýýar ýagdaýa getiripdir. Ylaýta-da, romanyň başlangyjyny ýazmak Tolstoýa “itiň gününi görkezipdir”, ol gaty kynçylykly zulum beripdir. Şonuň üçinem romanda jemi 15 sany ýörite giriş, ýagny sözbaşy bölümi emele gelipdir. Ol, käbir sahypalary ýüz sapardanam köp gezek gaýtadan ýazypdyr (ýazyjydan galan golýazmalar muny aýtmaga doly esas berýär). Ol ençeme gezek ruhdan düşüp, umydyny ýitirip, kitaby ýazmagy goýbolsun edipdir. Ol köpçülügiň öwrenişen äheňinde hem aýratynlygynda taryhy roman ýazmakdan gaty howatyr edipdir. Tolstoý şonuň üçinem täzeçe bir taryhy roman görnüşini, ýagny edebi usulyny oýlap tapmagyň kül-külüne düşüpdir. Ol şonuň üçinem bu eserini “roman-epopeýa” diýip häsiýetlendiripdir.

Režissýor Aleksandr Mitta bolsa, oňa “roman görnüşindäki kinofilm” diýip baha beripdir. Režissýoryň bellemegine görä, ol romanda her bir pursat örän sünnälik bilen taýýarlanypdyr.

Tolstoý romanyny, şeýle-de, fransuzça gepleşikler, pelsepe monologlary bilen bezäpdir. “Uruş we parahatçylyk” eseriniň ilkinji bölümleri çapdan çykanda (şol mahal kitap “1805-nji ýyl” diýen at bilen neşir edilipdir), okyýjylaryň agbala köpçüligi we edebi tankytçylar kitapdaky şol fransuzça gepleşiklerden we pelsepe monologlaryndan närazy bolypdyrlar. “Munça köp giden fransuzça gepleşik nämä derkar?” diýip, W. Botkin tankytçy Ferä ýazypdyr.

- Aslynda gürrüňdeşligiň fransuzçadygyny duýdurmak ýeterlik bolardy. Kitaby fransuzça gepleşikler bilen doldurmak dereksiz we halanmaýan bir ýagdaýdyr...

Şonuň üçinem “Uruş we parahatçylyk” eseriniň 1873-nji ýyldaky nusgasynda fransuzça bolan gepleşikleriň hemmesi diýen ýaly aýrylypdyr. Awtoruň pelsepe we harby taryh baradaky garaýyşlary bolsa, aýratynlykda hödürlenipdir. Munuň netijesinde köp teswirli diýseň uzaga çeken bir melodrama emele gelipdir.

Lew Tolstoý öz iş otagynda
Lew Tolstoý öz iş otagynda

“Moskowskiý wedmosti” gazeti romanyň täzeden redaktirlenen nusgasyny halk köpçüligine begençli ýagdaýda buşlapdyr: “Graf Tolstoý kitapdan fransuzça bolan gepleşikleri aýrypdyr. Gyzykly hadysalaryň okyýjyara bir bitewilikde rusça ýetirilmegi ýola goýulypdyr. Onsoňam örän uly ähmiýete eýe bolan söweş sungaty hakyndaky ähli pikirlerini we umuman aýdylanda, taryhy garaýyşlaryny “12-nji ýylyň urşy hakda garaýyşlar” atly aýratyn bir kitapda jemläpdir. Aslynda her bir adam öz dünýägaraýşyna we milletine garamazdan, ýaňky bölümleriň romany gaty agyr ýagdaýa salyp, okyýjynyň ünsüni esasy temadan sowýandygyny bilýär”

Ýöne Tolstoý bu işi beýle goýmaýar. 1886-njy ýylda “Uruş we parahatçylyk” romany täzeden çap edilýär we owalky fransuzça bölümler bilen pelsepe pikirlerinden emele gelen bölümler edil bolşy ýaly okyýjylara hödürlenýär.

“Mazurka” we gutap

Çap edilmeginiň yzýanyndan elýetmez beýik eser diýip kabul edilen ol roman barasynda Tolstoýyň özi skeptik pikire eýe bolupdyr. Ol 1871-nji ýylda ýazyjy we tankytçy Fetä ýazan hatynda: “Men eden işimden aňry ýany bilen hoşaldyryn. Gürrüňlerden emele gelen şeýle jeňnamany gaýdyp indi ýazmaryn” diýipdir.

Bu onuň öz işinden hoşaldygyny aňladýarmy? Ýok, aslynda beýle däl. Aslynda bu pikire ýazyjynyň gündeliginde ýygy-ýygydan duş gelinýär: “Adamlar meni “Uruş we parahatçylyk” eserimdäki dilewarlygym üçin gowy görýärler. Munuň olar üçin näme sebäpden şeýle ähmiýetlidigine düşünmeýärin (1908-nji ýyl)”.

Şol mahal Tolstoýuň öz ýaşaýan Ýasnaýa Polýana diýen ýerine gelen bir myhman “Uruş we parahatçylyk” eseri sebäpli Tolstoýa özüniň çäksiz minnetdarlygyny bildiripdir. Ol waka barada ýazyjy öz gündeligine şeýle ýazypdyr: “Gaty gülkünç ýagdaýdy. Şeýle pikir edip görüň. Bir adam Edisonyň ýanyna gelip oňa: “Mazuka tansyna gaty ökde ekeniňiz we gaty gowy oýnadyňyz. Size çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin”. Ýagny, Tolstoý muny hem ýöne ýere ýazyp, bellik etmedige çemeli. Tolstoý “Uruş we parahatçylyk” eseri bilen bilelikde beýleki ýazan romanlaryna diňe sowatly adamlaryň düşünýändiginden we ýönekeý halkyň bolsa düşünmeýändiginden gaty närazy bolupdyr: “Bu bir gury gaty çörek däl, bu gutapdyr, gutap” diýip, awtor öz eserleri barada düşündiriş beripdir. Ýonekeý halkyň hem sowatlylygyny ýokarkandyrmak zerur diýip piker eden Tolstoý, ondan soň “gutap” ýaly elit (iň ýokary derejeli) eserlere üns bermän, gaýtam ýönekeý halkyň düşünip biljek eserlerini ýazmaga başlapdyr.

XS
SM
MD
LG