Sepleriň elýeterliligi

Gyrnaklyga satylan zenan BMG-niň iliçiligine bellendi


Nadia Murad Basee

Nadia Murad Basee

Yrakda «Yslam döwleti» jeňçi topary tarapyndan zorlanan, gynalan we jynsy gyrnaklyga satylan ýazidi zenany BMG-niň Ýagşyniýet ilçiligine bellenildi.

Bu derejäni BMG-niň baş edarasynda bolan dabarada kabul eden 23 ýaşly Nadia Murad Basee Taha adam gaçakçylygynyň pidalarynyň arasynda şeýle hormata mynasyp bolan ilkinji ynsandyr.

Murad «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň ýazidi azlygynyň garşysyna matlaplaýyn gyrgynçylyk çärelerini görendigini, ýagny olary ýok etmekçi bolandygyny aýtdy.

Ol öz ejesiniň we doganynyň öldürilendigini, özüniň müňlerçe ýazidi zenay bilen bilelikde jynsy gyrnak edilendigini, olaryň köpüsiniň ölendigini ýa-da ýesirlikde galýandygyny gürrüň berdi.

Murad üç aý ýesirlikden soň gaçyp, Germaniýada ýurt tutmagy başardy.

"Belki-de men öz ýüregimi we kalbymy, sözlerimi ulanyp, olaryň aýdyp bilmedik sözlerini aýtmagym, olaryň eşidilmedik seslerini eşitdirmegim üçin diri galandyryn» diýip, ol aýtdy.

Ban Muradyň başdan geçirenlerini eşidip, gözüne ýaş getirmän bilmändigini aýtdy.

"Nadia öz ömri bilen adam gaçakçylygynyň pidalary üçin göreşiň nähili wajypdygyny görkezýär, olar adalata mynasyp we biz goltgy bersek, olar biziň dünýämizi özgertmäge ýardam edip biler» diýip, BMG-niň baş sekretary aýtdy.

XS
SM
MD
LG