Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Siriýa ylalaşygyndan çekiljegini duýdurýar


Siýa, Aleppodaky boş tekjeler

Siýa, Aleppodaky boş tekjeler

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, eger mätäç adamlara ynsanperwerçilik kömeginiň eltilmegineýol berilmese, Birleşen Ştatlaryň Siriýadaky ýaraşyk babatda geçen hepde Orsýet bilen gelnen ylalaşykdan çykjakdygyny duýdurdy.

Obama 16-njy sentýabrda özüniň howpsuzlyk topary bilen duşuşanyndan soň, Ak tam beýanat çap etdi.

Onda Obamanyň, tutuş ýurtda zorluk-sütemiň azalandygyna garamazdan,siriýa režiminiň gyssagly ynsanperwerçilik kömeginiň ýoluny baglamagy dowam etmegine çuňňur alada bildirendigi aýdylýar.

Prezidentiň beýanaty ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň rus kärdeşi Sergeý Lawrowa beren duýduryşynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ol Waşingtonyň, Siriýa kömegiň geçmegine ýol berýänçä, ýaraşygyň şertine görä, ýedi gün soň, bilelikde YD jeňçilerini nyşana alyp başlamaga razy bolmajakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG