Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Janyndan geçen azyndan 30 adamy öldürdi


 Janyndan geçen bombaçy 24 adamy öldürdi.
Janyndan geçen bombaçy 24 adamy öldürdi.

Pakistanyň tire sebitinde bir janyndan geçen bombaçy mähelleli metjitde özüni partladyp, azyndan 30 adamy, şol sanda 4 çagany öldüreninden soň, etrapda komendant sagady girizildi.

Bu waka 16-njy sentýabrda, juma namazy wagtynda, Owganystan bilen serhetleşýän ýedi etrabyň biri bolan Monmant etrabynyň metjidinde boldy.

Paý Han obasynda bolan hüjüm netijesinde azyndan 28 adamyň ýaraly bolandygy aýdylýar. Hüjüm wagtynda metjidiň içinde 200 çemesi adam bar eken.

«Jamaat-ul-Ahrar» toparynyň, «Talybandan» bölünen fraksiýanyň sözçüsi elektron hat arkaly bu hüjümi özleriniň guranandyklaryny, munuň öz toparlarynyň 2009-njy ýylda öldürilen 13 agzasy üçin ar alyşdygyny aýtdylar.

Bu topar 8-nji awgustda Kwettada bolan hüjümiň hem jogapkärçiligini öz üstüne alypdy, şonda 73 adam öldürilipdi.

Premýer-ministr Nawaz Şarif bu hüjümi ýazgaryp çykyş etdi, Ak tam bu hüjümi ýazgaryp, Birleşen Ştatlaryň Yslamabat bilen terrorçylyga garşy söweşi dowam etdirjekdigini wada berdi.

XS
SM
MD
LG