Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ dron pidasynyň maşgalasyna $1.2 million töledi


Zamun alnan Warren Weinstein
Zamun alnan Warren Weinstein

ABŞ-nyň hökümeti amerikan dron zarbasy bilen Pakistanda öldürilen italian kömek işgäriniň maşgalasyna 1.2 million dollar töledi.

Bu Waşingtonyň resmi uruş zonasyndan daşardaky dron zarbasynyň pidasynyň hatyrasyna tölän ilkinji tölegi diýip bilinýär.

37 ýaşyndaky Giovanni Lo Porto 2015-nji ýylda, «Al-Kaýda» tarapyndan zamunlykda saklanylýan mahalynda öldürildi.

Şol wagt onuň bilen bile 73 ýaşyndaky amerikan kömek işgäri Warren Weinstein hem zamunlykda saklanylýardy we ol hem dron zarbasynyň pidasy boldy.

Prezident Barak Obama olaryň atdanlykda öldürilendigini tassyk etdi. 23-nji aprel, 2015.
Prezident Barak Obama olaryň atdanlykda öldürilendigini tassyk etdi. 23-nji aprel, 2015.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama geçen ýyl Lo Porto bilen Weinsteiniň terrora garşy gizlin missiýa geçirilen mahalynda atdanlykda öldürilendigini tassyklap, olaryň ölümine gynanç bildirdi we bu maşgalalara öwez pulunyň beriljekdigini aýtdy.

Bu operasiýada Pakistanyň owgan serhediniň golaýynda ýerleşýän «Al-Kaýda» howlusy nyşana alnypdy.

Şeýle-de bu operasiýada Ahmet Faruk, «Al-Kaýdanyň» bir lideri bolan amerikan raýaty hem öldürildi.

«Al-Kaýdaçy» terrorça öwrülen ýene bir amerikan raýaty Adam Gadahn bolsa ýanwar aýynda geçirilen başga bir operasiýada öldürildi.

Weinstein Pakistanda ABŞ-nyň Halkara Ösüş agentligi bilen şertnama esasynda işleýän biznes ekspertidi.

Ol 2011-nji ýylyň 13-nji awgustynda Lahordaky öýünden ogurlandy. Şol wagt ol Pakistanda ýedi ýyl işläninden soň, ýurduna dolanmaga taýýarlanyp ýördi.

Lo Porto Pakistanda2012-nji ýylyň ýanwarynda ýitirim boldy. Ol halkara kömek guramasy bolan Welthungerhilfe toparynyň işgäridi.

XS
SM
MD
LG