Sepleriň elýeterliligi

Bakuwda "talaňçylygy bes etmäge" çagyrýarlar


Ylham Alyýew

Ylham Alyýew

Ýüzlerçe protestçi Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda toplanyp, ýurtda geçiriljek möhüm referendumyň öňüsyrasynda, hökümete protest bildirýär.

17-nji sentýabrdaky proteste hökümet sanksiýa berdi we ol Demokratik güýçleriň milli geňeşi – azeri oppozisiýasynyň birleşdiriji guramasy tarapyndan gurnaldy.

Protestçiler 26-njy sentýabrda geçiriljek referenduma garşy çykýarlar, bu ses berişlikde prezident Ylham Alyýewiň ygtyýarlyklarynyň güýçlendirilmegine, prezidentlik möhletiniň uzaldylmagyna, geljekki prezidentlige kandidatlaryň minimal ýaş çäginiň aýrylmagyna garaşylýar.

Protestçileriň esasy şygary «Monarhiýa geçmeli däl, talaňçylygy bes et» diýen çagyryşlardan ybarat.

XS
SM
MD
LG