Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler parlament üçin ses berýär


Týumenli saýlawçylar ses berýär.
Týumenli saýlawçylar ses berýär.

Ýurduň Uzak gündogarynda Orsýetiň Döwlet dumasyndaky 450 orun üçin başlanan ses berişligiň netijeleriniň aşaky palatada prezident Wladimir Putini goldaýan partiýalaryň agdyklygyny dowam etdirmegine garaşylýar.

Parlament saýlawynda Orsýetiň dolandyryjy Bütewi Orsýet partiýasy we ýaranlaşan üç partiýanyň agzalary Dumadaky öňdebaryjy pozisiýalaryny saklar öýdülýär.

Orsýetiň Uzak gündogary Moskwadan dokuz sagat öňde we ses berişlik jemi 22 sagat, Kaliningrad oblastynda saýlaw uçastoklary ýapylýança dowam eder.

"Men Bütewi Orsýet partiýasyny döretdim we bu ýerde düşündiriş zerur däl» diýip, Putin haýsy partiýa ses berjekdigi soralanda aýtdy.

Ses berişlik Ukrainanyň zor bilen anneksiýa edilen Krym ýarymadasynda, Moskwanyň bu territoriýany 2014-nji ýylda özüne birikdireli bäri, ilkinji gezekgeçirilýär.

Ozalky iki parlament saýlawyndan tapawutlylykda, milli partiýa sanawynda orunlaryň diňe ýarysynyň eýeleri saýlanar, galan 225 orun üçin anyk alnan etraplarda bäsleşik geçirilýär.

Soňky hepdelerde geçirilen pikir soraýyşlar kremlçi Bütewi Orsýet partiýasynyň saýlawçylaryň 50 prosent çemesiniň goldawyny aljaga çalym edýändigini görkezdi we bu aglaba köplügi saklap galmak üçin ýeterlik bolar.

Emma pikir soraýyşlar saýlawçylaryň arasyndaky biparhlyk derejesiniň hem ýokarydygyny görkezdi we şu sebäpden saýlawlara gatnaşyga ýakyndan syn ediler.

2011-nji ýyldaky saýlawlarda galplyga ýol berlendigi baradaky çaklamalar Moskwada we beýleki şäherlerde Putine garşy uly protestleriň döremegine getirdi.

Moskwalylar Parlament saýlawlaryna gatnaşýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:35 0:00

Kreml, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň gözegçilerine saýlawa syn etmäge rugsat bermek, ýurduň Saýlaw komissiýasyna täze başlyk bellemek bilen, ses berişligiň arassa boljagyny ynandyrmaga çalyşdy.

Merkezi Saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa 18-nji sentýabrda özüniň Barnaulda, şol bir adamlary awtobuslara ýükläp, saýlaw uçastoklaryna aýlap, gaýta-gaýta ses berdirýändikleri barada habar alandygyny aýtdy.

"Eger tassyklansa, komissiýa beýle usulda alnan sesleri bikanun hasaplar we jenaýat işini gozgamaga çagyrar" diýip, Pamfilowa duýdurdy.

"Regionlaryň köpüsinde hemme zat kadaly barýar» diýip, Pamfilowa sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma muňa garamazdan, garaşsyz saýlaw gözegçisi bolan «Golos» ýerli saýlaw komissiýalaryna beýleki regionlarda, şol sanda Moskwada hem saýlaw düzgünleriniň bozulýandygy barada habarlaryň gelip gowşandygyny aýtdy.

Ýöne bu habarlaryň ynamdarlygy we diýilýän düzgün bozmalaryň möçberi bada-bat kesgitlenilip bilinmedi.

"Men adamlaryň hakykatdanam ses bermäge gelmeklerini, saýlawlara ynanmaklaryny isleýärin» diýip, Merkezi saýlaw komisssiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa biraz öň Moskwada, Uzak gündogardaky Kamçatkada ses berişlik başlanan wagty telewideniýeden göni berlen çykyşynda aýtdy.

Bütewi Orsýet partiýasyna premýer-ministr Dmitriý Medwedew, Putiniň ygrarly goldawçysy ýolbaşçylyk edýär.Häzirki Dumanyň 450 ornunyň 238-si Bütewi Orsýete degişli.

Bütewi Orsýet ýurduň regional parlamentlerinde hem köpçülige kontrolluk edýär.

Bu saýlawlara jemi 14 partiýa gatnaşýar.

Kommunistik partiýa, Adalatly Orsýet we aşa milletçi Liberal demokratik partiýa hem Kremle we onuň alyp barýan syýasatyna ygrarly hasaplanylýar.

«Golos» we garaşsyzLevada pikir soraýyş agentligi resmi taýdan «daşary ýurt agentleri» diýlip tagmalandy.

XS
SM
MD
LG