Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar näme üçin daşary ýurtlarda galýar?


Aşgabat aeroporty, uçara garaşýan ene.
Aşgabat aeroporty, uçara garaşýan ene.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmenistanlylaryň barha köp daşary ýurtlara gitmäge, daşary ýurtlarda okamaga we işlemäge ýykgyn edýändigi aýdylýar.

Şol bir wagtda, soňky ýyllarda näçe türkmenistanlynyň daşary ýurtlara ýaşamaga gidendigi ýa-da okan ýaşlaryň näçe prosentiniň daşary ýurtlarda galmagy saýlap alandygy belli däl.

Ikinji tarapdan, türkmen metbugaty ýurtda ilata okuw, iş şertleriniň döredilýändigini, türkmen ykdysadyýetiniň ösýändigini, adamlaryň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdýar.

Mundanam başga, Türkmenistan tebigy serişdelere baý, uly territoriýaly, az ilatly ýurt hasaplanylýar.

Eýsem, beýle ýagdaýda näme üçin müňlerçe türkmenistanly daşary ýurtlara gidýär we ol ýerde galmagy saýlap alýar?

Azatlyk radiosy «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sanynda şu temanyň daşynda pikir alyşýar.

Türkmenistanlylar näme üçin daşary ýurtlarda galýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG