Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýork partlamasynda 29 adam ýaralandy


Şäher häkimi Bill de Blasio ýaraly bolanlaryň sany baradaky maglumaty tassyk etdi.

Şäher häkimi Bill de Blasio ýaraly bolanlaryň sany baradaky maglumaty tassyk etdi.

Nýu-Ýork şäheriniň Çelsi diýen ýerinde, häkimiýetleriň partlaýjy hökmünde häsiýetlendiren enjamynyň ýarylmagy netijesinde 29 adam ýaralandy, olaryň biriniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Manhattanda, Günbatar 23-nji köçede, 17-nji sentýabr güni giçlik partlama bolan ýere Federal derňew býurosynyň, ABŞ-nyň içeri howpsuzlyk resmileri we Nýu-Ýork şäheriniň polisiýasynyň ofiserleri geldi.

Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Bill de Blasio ýaraly bolanlaryň sany baradaky maglumaty tassyk etdi we, partlamanyň bilkastdan edilen işdigini görkezýän subutnamalaryň bardygyny habar berdi.

Emma ol häzirki pursatda terror baglanyşygy barada subutnamanyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

Bu partlamanyň bolan ýerinde bir blok daşlykda şübheli bir enjam tapyldy we derňew üçin alnyp gidildi diýip, polisiýa aýtdy.

XS
SM
MD
LG