Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri polisiýasy Bakuwda aktiwistler bilen çaknyşdy


Käbir şygarlarda "Nebitden gelen $140 milliard hany?" diýen sözler ýazylgy.
Käbir şygarlarda "Nebitden gelen $140 milliard hany?" diýen sözler ýazylgy.

Azerbaýjanyň polisiýasy Bakuwda bolan anti-hökümet protestlerinden soň protestçiler bilen çaknyşdy.

Polisiýa 17-njisentýabrda, azeri prezidenti Ylham Alyýewe has kän ygtyýar berjek we onuň prezidentlik möhletini uzaltjak referenduma garşy çykýan ýüzlerçe demonstrasiýaçynyň protestine garşylyk görkezdi.

Çaknyşyk mahalynda birnäçe žurnalist, şol sanda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň iki habarçysy tussag edildi.

Ol žurnalistleriň biri protest meýdançasynda tutulyp, awtobusa mündirilip, 30 çemesi tussag bilen başga ýere alnyp gidildi.

Ýaraly bolanlar barada bada-bat habar berilmedi. Hökümet tarapyndan sanksiýa berlen protest Demokratik güýçleriň milli geňeşi tarapyndan gurnaldy.

Käbir şygarlarda «Monarhiýa bolmaz, talaňçylygy bes et», «Nebitden gelen 140 milliard dollar hany?» diýen sözler ýazylgy.

XS
SM
MD
LG