Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minnesota: pyçak hüjüminde 8 adam ýaralandy


Birleşen Ştatlaryň Minnesota ştatynda, Söwda merkezinde bolan pyçak hüjüminde sekiz adam ýaralandy.

17-nji sentýabrda, Sankt Kloud bolan hüjüm güman edilýän hüjümçiniň polisiýa ofiseri tarapyndan atylyp öldürilmegi bilen tamamlandy.

Hususy howpsuzlyk firmasynyň eşigini geýen we pyçak bilen ýaraglanan hüjüm mahalynda allanyň adyny dile getirdi diýip, şäher polisiýasynyň başlygy Blair Anderson aýtdy.

Şeýle-de ol hüjümçiniň,pyçak salmazdan öň, azyndan bir adamdan onuň musulmandygyny ýa däldigini sorapdyr diýip, Anderson sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG