Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýorkda 29 adamy ýaralan partlama "matlaply hereket"


Nýu-Ýork partlamasy "matlaplaýyn hereket"
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:43 0:00

Nýu-Ýork partlamasy "matlaplaýyn hereket"

Nýu-Ýork şäheriniň Çelsi diýen ýerinde, häkimiýetleriň partlaýjy hökmünde häsiýetlendiren enjamynyň ýarylmagy netijesinde 29 adam ýaralandy, olaryň biriniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Manhattanda, Günbatar 23-nji köçede, 17-nji sentýabr güni giçlik partlama bolan ýere Federal derňew býurosynyň, ABŞ-nyň içeri howpsuzlyk resmileri we Nýu-Ýork şäheriniň polisiýasynyň ofiserleri geldi.

Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Bill de Blasio ýaraly bolanlaryň sany baradaky maglumaty tassyk etdi we partlamanyň bilkastdan edilen işdigini görkezýän subutnamalaryň bardygyny habar berdi.

Emma ol häzirki pursatda bu işiň terror baglanyşygy barada subutnamanyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

Bu partlamanyň bolan ýerinden bir blok daşlykda şübheli bir enjam tapyldy we derňew üçin alnyp gidildi diýip, polisiýa aýtdy.

De Blasio Çelsi partlamasynyň 17-nji sentýabrda Deňizýaka parkda, Nýu-Jerside partlan turbabombasy bilen ilteşiginiň görünmeýändigini aýtdy.

Ol bomba partlanda müňlerçe adam, ABŞ-nyň deňizçi gury ýer goşunlarynyň we harby-deňiz esgerleriniň haýryna, bäş kilometr aralyga ylgap, sahawatlylyk ýaryşyna gatnaşýardylar.

Birleşen Ştatlaryň başga bir ýerinde, demirgazykdaky Minnesota ştatynda bolsa, Söwda merkezinde pyçaklanan sekiz adam agyr bolmadyk pyçak ýarasy bilen hassahana ýerleşdirildi.

Merhemetli Kloud şäherinde 17-nji sentýabrda bolan waka pyçakly hüjümçiniň iş başyndaky polisiýa ofiseri tarapyndan atylyp öldürilmegi bilen soňlandy.

Hususy howpsuzlyk firmasynyň eşigini geýen we pyçak bilen ýaraglanan adam hüjüm mahalynda allanyň adyny dile getirdi diýip, şäher polisiýasynyň başlygyBlair Anderson aýtdy.

Şeýle-de ol hüjümçi,pyçak salmazdan öň, azyndan bir adamdan onuň musulmandygyny ýa däldigini sorapdyr diýip, Anderson sözüniň üstüne goşdy.

Emma ol bu hüjümleri terrorçylyk akty diýip häsiýetlendirmekden saklandy we entek pyçaklamalaryň motiwi bilinmeýär diýdi.

XS
SM
MD
LG