Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: rus ilçihanasynyň işiginde protest bildirildi


Kiýewdäki rus ilçihanasynyň daş işiginde bolan proteste gatnaşyjylar. 18-nji sentýabr, 2016.
Kiýewdäki rus ilçihanasynyň daş işiginde bolan proteste gatnaşyjylar. 18-nji sentýabr, 2016.

Kiýewdäki rus ilçihanasynyň töwereginde, Orsýetiň parlament saýlawy üçin ses berjek rus raýatlary üçin saýlaw uçastogynyň döredilen ýerinde onlarça sag-ganat protestçi toplandy.

18-nji sentýabrda, Kiýewdäki rus ilçihanasynyň daş işiginde bolan proteste milletçi «Swoboda» hereketiniň lideri Ihor Miroşniçenko hem gatnaşdy we Ukraina «duşman we agressor döwlete» Ukraianada bikanun saýlaw geçirmäge rugsat bermeli däl diýdi.

Birnäçe milletçi rus raýatlarynyň ses bermegine päsgel bermäge synanyşandan soň, bir demonstrasiýasy polisiýa ofiseri bilen ýakalaşykda tussag edildi.

Orsýetiň Odessadaky konsullygynyň golaýynda hem şeýle protestleriň bolandygy aýdylýar.

Ukrainada 80,000 töweregi rus saýlawçysy ýaşaýar diýip, saýlaw resmisi aýtdy.

XS
SM
MD
LG