Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: ABŞ-nyň Siriýa goşunyny bombalamagy ýaraşyga wehim salýar


Siriýalylar howa zarbasyndan gaçýar.

Siriýalylar howa zarbasyndan gaçýar.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Siriýanyň ýaragly güýçlerine howa zarbalarynyň urulmagyna gaharly jogap berip, olary jenaýatçylykly geleňsizlik we «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri bilen bir hörpden gopmagyň çägindäki hereket diýip atlandyrdy.

Orsýet bu hadysada Siriýanyň 62 esgeriniň öldürilendigini aýtdy we bu ýagdaý BMG-niň diplomatlarynyň arasynda gaharly sözleriň dile alynmagyna getirdi.

Şeýle-de bu ýagdaý 12-nji sentýabrda güýje giren we daşy gabalan ýerlere ynsanperwer kömekleriniň eltilmegini maksat edinen gowuşgynsyz ýaraşygyň bozulmak ähtimallygyny güýçlendirdi.

Pentagon uçarlaryň Siriýanyň goşunlaryny atdanlykda, «Yslam döwletiniň» jeňçilerini bombalaýan mahalynda ýalňyşlyk bilenuran bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy. Emma şondan başga detallary açmady.

Orsýetiň Goranmak ministrligi 17-nji sentýatbrda Siriýanyň 62 esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG