Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan Gyrgyzystan bilen serhedinden goşunyny yza çekdi


Unkur-Too dagy, gyrgyz-özbek serhedi

Unkur-Too dagy, gyrgyz-özbek serhedi

Özbegistan Gyrgyzystan bilen serhediniň dawaly böleginde bir aý çemesi mundan ozal ýerleşdiren polisiýasyny we serhetçilerini yza çekdi.

Gyrgyzystanyň serhet gözegçiligi gullugynyň aýtmagyna görä, 18-nji sentýabrda Özbegistanyň howpsuzlyk güýçleri iki ýurduň arasynda ýerleşýän dawaly Unkur-Too atly ýerini terk edipdir.

Serhet gözegçiligi gullugy özbek goşunynyň iki ýurduň resmileriniň gepleşikleriniň yzýany çykarylandygyny habar berdi.

22-nji awgustda Özbegistanyň polisiýasy Gyrgyzystanyň radio-telewideniýesiniň signallaryny ýaýradýan transmitteriň ýerleşýän ýeri bolan Unkur-Too dagyna dikuçarlar arkaly alnyp barylypdy we şol ýerde ýerleşdirilipdi. Şonda özbek resmileri dört gyrgyzystanlyny tussag edip, olary Özbegistanyň giňişliginde bikanun bolmakda aýyplapdy. Dört gyrgyzystanly 8-nji sentýabrda boşadylypdy.

Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky uzynly 1000 kilometrlik umumy serhediň 300 çemesi kilometri 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri dawaly bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG