Sepleriň elýeterliligi

BMG bosgunlar we migrantlar boýunça sammit geçirýär


Bosgunlaryň azyk kömegini almak üçin nobaty, Gresiýanyň Makedoniýa bilen serhediniň golaýyndaky Idomeni obasy, mart, 2016.

Bosgunlaryň azyk kömegini almak üçin nobaty, Gresiýanyň Makedoniýa bilen serhediniň golaýyndaky Idomeni obasy, mart, 2016.

19-njy sentýabrda BMG-de migrantlaryň we bosgunlaryň giň derejede göçürilmegi meselesi boýunça sammit açylýar.

Ikinji Jahan Urşundan soň öz öýlerini terk etmäge mejbur bolanlaryň sany boýunça iň uly migrant krizisini başdan geçirýän dünýä ýurtlarynyň liderleriniň BMG-niň 193 ýurdunyň gatnaşmagyndaky deklarasiýany kabul edip, bosgunlaryň we migrantlaryň adam hukuklaryny goramak üçin hereketleri sazlaşdyrmagyna garaşylýar.

Emma adam hukuklary boýunça toparlar dokumenti ret etdiler we onuň hökmany bolmadyk häsiýetlidigini we zerur bolan halkara çäreleri öz içine almaýandygyny aýtdylar.

Häzirki wagtda Siriýadaky konflikt ýaly ýagdaýlardan, repressiýalardan, garyplykdan gaçyp, dünýäde göçüp ýören adamlaryň sany 65.3 milliona ýetdi, olaryň 21 milliony bosgunlar.

Dünýä derejesinde bosgunlaryň ýarsyndan gowragyny saklaýan sekiz ýurduň düzümine Türkiýe, Pakistan, Liwan, Eýran, Efiopiýa, Iordaniýa, Keniýa we Uganda girýär.

XS
SM
MD
LG