Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu Ýork: Partlamalaryň derňewi dowam edýär


ABŞ-nyň NYPD, FBI, ATF howpsuzlyk agentlikleri partlamanyň bolan ýerinde, Manhattanyň Günbatar 23-nji köçesinde, Nýu Ýork, 18-nji sentýabr, 2016
ABŞ-nyň NYPD, FBI, ATF howpsuzlyk agentlikleri partlamanyň bolan ýerinde, Manhattanyň Günbatar 23-nji köçesinde, Nýu Ýork, 18-nji sentýabr, 2016

ABŞ-nyň resmileri 17-nji sentýabrda Nýu Ýorkda bolan partlamalar bilen baglylykda 28 ýaşly erkek adamyň gözlenýändigini aýtdylar.

19-njy sentýabrda ýerli polisiýa asly Owganystaly amerikan raýaty Ahmad Han Rahimi diýlip tanadylan adamyň suratyny ýaýratdy.

Mer Bill de Blasio adamyň ýaragly we howply bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda ABŞ-nyň mediasy 18-nji sentýabrda agşam bäş adamyň sorag edişlik üçin tussaghana alnyp barylandygyny habar berdi. Olar bir gün ozal Manhattanda 29 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan elde ýasalan bombanyň partladylmagynyň derňelmeginiň çäginde sorag edilýärler.

Maglumatlarda aýdylyşyna görä, bäş adam Nýu Ýorkyň Brooklyn bölegnde ýolda saklanan awtoulagda bilelikde tutulypdyr we Federal derňew býurosynyň (FBI) Manhattandaky edarasyna sorag edişlik üçin äkidilipdir.

19-njy senýabrda irden Federal deňrew býurosy agzalan bäş adamdan hiç biriniň Nor-Ýorkyň Çelsi böleginde bolan partlama gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

Nýu Ýorkda we Nýu Jerside bolan partlamalara kimiň jogapkärdigi barada dessine maglumat berilmedi.

Resmiler hüjümleriň hiç biriniň halkara terrorçylyk toparlaryna gatnaşygynyny görkezýän takyk alamatlaryň ýokdugyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG