Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Ok atyşygy bes etmek ylalaşygy howp astynda


Aleppo şäheri, Siriýa.

Aleppo şäheri, Siriýa.

Siriýada ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk 19-njy sentýabrda bozulmak howpunyň astyna düşdi.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň dynç günleriň dowamynda amala aşyran howa hüjümlerinde Siriýanyň hökümet güýçleriniň azyndan 62 harbysy öldürildi, şeýle-de bir hepdä golaý wagtyň dowamynda amala aşyrylan bu ilkinji howa hüjümlerinde Aleppo şäherine zarba uruldy.

Habarçylaryň aýtmagyna görä, Alepponyň gozgalaňçylaryň elindäki böleklerinde 18-nji sentýabrda howadan amala aşyrylan hüjümler şäherde söweşleriň gaýtadan başlanmagynyň töwekgelçiligini güýçlendirdi we ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy uly howp astynda goýdy.

Aleppo şäheriniň daşynda ok atyşygyň bes edilmegi 12-nji sentýabrda gelnen ylalaşyga laýyklykda zerur ynsanperwer kömeginiň üpjün edilmegi üçin zerur.

Parahatçylyk ylalaşygynyň tarapdarlary Orsýet w ABŞ bir-birini aýypladylar.

XS
SM
MD
LG