Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz: gündelik medisina kösençlikleri


Türkmenistandaky hassahanalaryň biri
Türkmenistandaky hassahanalaryň biri

Daşoguzly Döwranyň maşgalasynda dünýä inen bäbek, doglan pursatynda ne ýöritleşdirilen bäbekhanada ne-de hünärli lukman tarapyndan garşy alyndy. Bu täze ömür, çykalgasyzlykdan, mejbury ýagdaýda oba aýallarynyň kömegi bilen dünýä indi.

Ýurduň demirgazyk welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Pagtaçy obasynyň ýaşaýjysy Döwranyň sözlerine görä, aýgytlaýjy pursatda golaý-goltumda hiç bir lukman tapdyrmandyr. Has beteri-de, agyr ýagyndan soň läbik batga öwrülen ýollardan 25-30 kilometr uzaklykdaky iň ýakyn medisina nokadyna ne göwreli enäni aşyrmak mümkin bolupdyr, ne-de lukmanlaryň özi bu oba kömege gelip bilipdirler.

“Biziň golaý goltumymyzda asla lukman ýok. Goňşy etrapdaky poliklinika jaň etsegem, ‘Ýagyn sebäpli ulag siziň obaňyza aşyp bilmeýär. Öz başyňyzy özüňiz çaraýmasyňyz, bir baryp bilmeýäris’ diýdiler. Çagany öz öýümizde, oba daýzalary bilen kabul etmeli bolduk. Indi bolsa ‘çagaňyz roddomda (bäbekhanada – red.) dogulmady’diýip, dogluş şahadatnamasyny bermän, kelläni agyrdýarlar” diýip, Döwran sosial ulgamlary arkaly Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan Daşoguzyň beýleki etrapdyr-obalarynyň ýaşaýjylary hem, edil Döwran ýaly, öz ýaşaýan sebitlerinde lukmanlaryň we medisina nokatlarynyň ýetmezçiliginden kösenýändiklerini aýdýarlar.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Enebaý daýza ýol söküp, beýleki raýonlardaky poliklinikalara barsalar-da, ol ýerde lukmanlaryň tapyljakdygynyň gümanadygyny aýdýar.

“Oba poliklikalarynda lukmanlar hem azlyk edýär. Olar wyzow (çagyryş) boýunça bir ýerlere giden bolaýsalar, dolanyp gelýänçäler uzakly gün hem garaşmaly bolýar. Häzir pagta döwri bolany üçin, doktorlaryň köpüsini hem meýdanlara çykarýarlar” diýip, Enebaý daýza Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdi.

Galyberse-de, Enebaý daýza etrap merkezlerindäki dermanhanalarda-da gerekli däri-dermanlaryň tapdyrmaýandygyny aýdýar.

“Ýod hem ýok. Gerek hajatlarymyz üçin şähere gitmeli bolýarys” diýip, Enebaý daýza öz ýaşaýan ýerinde medisina hyzmatlarynyň ýetmezçiliginden zeýrenýär.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary, şol sanda ozalky diş lukmany prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem, ýurtdaky “saglyk pudagynyň uly üstünliklere beslenýändigini” tekrarlap, paýtagtda we welaýat merkezlerinde gurulýan hem-de özleriniň “dünýä ülňülerine gabat gelýär” diýip häsiýetlendirýän saglyk desgalaryny muňa mysal hökmünde häli-şindi agzaýarlar.

Şol bir wagtda-da, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar gürrüňi gidýän saglyk merkezlerinde bejergi almagyň özleri üçin elýetersizidigini, galyberse-de, ol ýerlerde näsaglara käte ýalňyş diagnoz goýlup, olara bolmalysyndan düýpden başga bejergileriň bellenýändigini aýdýarlar.

Bu kemçilikleriň üstüniň açylmagyny bökdeýän zat hökmünde ildeşlerimiz Türkmenistanyň saglyk pudagy boýunça anyk statistiki maglumatlaryň elýeterli däldigine ünsi çekýärler.

XS
SM
MD
LG