Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gelşikli hem sowukganly - Jude Law


Jude Law “Alfie” atly kinofilmde
Jude Law “Alfie” atly kinofilmde

Saryýagyz, gök gözli, intellektuwal, ýaşy kyrkdan agan, saçy indi düşmäge başlan, ýöne muny alada etmeýän, gaýtam muny iş karýerasy üçin täze mümkinçilik hasaplaýan britaniýaly aktýor Jude Law çagalygyndan bäri aktýor bolmagyň kül-külüne düşenlerden biri ekeni.

Jude Law 1972-nji ýylyň 29-njy dekabrynda mekdep mugallymlary Peter we Meggi Lawyň maşgalasynda dünýä inipdir. “Jude” adyny oňa “The Beatles” aýdym-saz toparyndaky “Heý. Jude” aýdymyndaky gahrymanyň hormatyna dakypdyrlar. Jude 14 ýaşyna çenli Londondaky adaty mekdepleriň birinde bilim alypdyr. Ýetginjegi[ ukybyny göz öňünde tutan ata-ene ony Dalwiçde ýerleşýän hususy mekdebe geçiripdirler. Ýöne Jude mekdepde okamagy däl-de aktýor bolmagy isläpdir. Ene-atasy-da onuň bu islegine garşy çykyp durmandyrlar. Olar gaýtam oňa teatry söýdüripdirler we Judeniň çagalykdan sahna çykmagy höwes etmegini goldap, has ruhlandyrypdyrlar.

Geljegiň tanymal aktýory özüniň ilkinji roluny alty ýaşynda, çagalar oýnunda oýnapdyr. On iki ýaşynda bolsa, Milli filarmoniýanyň ýaşlar teatrynyň agzasy bolupdyr.

Law 1986-nji ýylda çagalar üçin taýýarlanan “Sowalgajyk” atly telekomediýadaky bölümleriň birinde çykyş edipdir. 17 ýaşynda bolsa, “Klosteriň dessesi” atly telefimde seýisiň roluny oýnapdyr. Ondan soňky ýyl hem Dalwiçdäki mekdebi taşlap, Mançestere gidipdir. Ony “Maşgala” atly köp bölümli kinofilmde (seriýal) ýetginjek Neýtan Tompsony[ roluny oýnamaga çagyrypdyrlar. Soňky iki ýylyň dowamynda ýetginjek Jude “Pigmalion” sahnasy bilen gastrollarda bolupdyr.

Jude Law Kann kinofilm festiwalynda
Jude Law Kann kinofilm festiwalynda

Kann film festiwalynda Law 1992-nji ilkinji gezek kinoda surata düşmäge çakylyk alypdyr. Şonda Britaniýanyň kinomatografiýa institutynyň bir çäresi çäginde “The Crane” atly gysga metražly filde rol alypdyr. Soňky surata düşen kinofilmleri şowly bolmany üçin, Law bar ünsüni teatra gönükdirmek kararyna gelipdir. 1994-nji ýylda “Ýaramaz maşgala” atly teatr oýnunda sahna çuw ýalaňaç çykypdyr we “Laurence Olivier” baýragyny alypdyr. “Pespälli bolmaýan” atly teatr oýnundaky rolundan soň Brodweýe iberilen Jude ol ýerde

Ketlin Tenerlä garşydaş bolupdyr. Ol oýun ABŞ-da gaty uly gyzyklanma döredipdir. Law “Ien Charotsiton” we “Tony” baýraklaryna dalaşgär görkezilipdir. Ol şeýlelik bilen “Hollywooda” çagyrylypdyr we onuň “Hollywood”durmuşy başlapdyr. Aktýor yzly-yzyna “Seni söýýärin, seni söýmeýärin” atly melodramada, “Ýapgyt” dramasynda, Oskar Uaýldyň biografiki romany esasynda surata düşürilen “Uaýld” kinifilminde oýnapdyr. Ethan Hawke we Uma Thurman bilen “Qattaka” atly trillerde olara şärik bolupdyr. Ýöne ol kinofilmleriň hiç biri onuň bagtyny çüwdürmändir.

Law 1997-nji ýylda “Şopping” atly kinofilmde tanyşan aktrisasy Sadie Frost-Laewlen bir ýyldan soň durmuş gurupdyr we birnäçe kärdeşi bilem bilelikde “Natural Nylon” atly kino firmasyny döredipdir. 2004-nji ýyla çenli işlän firma, esasan kinofilmleriň prodýuserligi bilen meşgullanypdyr.

Ahyrynda bagty çüwüpdir...

1999-njy ýylda mawy ekranda “Ukyply mister Ripli” atly kinofilm görkezilmäge başlapýar.

Aktýor ol kinofilmde barly bir ýaş ýigidiň obrazyny suratlandyrypdyr. 40 million amerikan dollary möçberindäki býudjet bilen taýýarlanan kinofilm garaşylandan iki esse köp girdeýji gazandyrypdyr we onda oýnan aktýiorlara hem dünýä derejesinde abraý getiripdir.

Tankytçylar Kudeniň roly ýerine ýetirşine gaty haýran galypdyrlar. Şeýle roly sebäpli ol “ikinji plandaky iň gowy aktýor” ugru boýynça “Oskar” we “Altyn globus” baýraklaryna dalaşgär görkezilipdir. Ondan soňky ýyllar Law yzly-yzyna alty sany kinofilmde surata düşüpdir. Ol kinofilmleriň käbiri şowly, käbirem şowsuz bolsa-da, Jude Law “Hollywoodda” gaty gowy görülýän aktýorlaryň birine öwrülipdir.

Jude Law “Bosagadaky duşman” (2001) kinofilminde rus esgeri Zaýtsewiň rolunda
Jude Law “Bosagadaky duşman” (2001) kinofilminde rus esgeri Zaýtsewiň rolunda

Jude Law asylly iňlis jentelmeni ýaly hemişe özüni seresaply alyp barýar. Meşhurlyk onuň başyny aýlamaýar we hemişe şöhratparazlygyň ugrunda ylgamaýar. Ol, roly uly-kiçidigine ýa-da girdeýjisine görä saýlap almaýar. Teklip edilýän işde onuň üçin iň wajyp bolan režissýordyr: “Men mazmuny okajak hem bolup duramok. Meniň üçin ýörite ssenariýa ýazylmagyny-da talap etmeýärin. Elbetde, ssenariýadan düýpgöter bihabar bolmak hem mümkin däl. Dogrumy aýtsam, meniň üçin iň wajyby režissýor bilen gepleşmek. Eger kinofilmiň režissýoryny tanamaýan bolsam, kimiň surata düşürýändigini anyk bilmesem, ssenariýany okamaýaryn. Meselem, Stewen Soderbergiň “Gapdallaýyn täsir” kinofilminde hut şeýle bolupdy. Men onuň özüniň ahyrky işini berjaý edýändigini öwrenenimden soň, derrew ol işden çekilmäge razy boldum. Umuman alynanda, ol kinofilmde meni biynjalyk edýän käbir ýagdaýlar bardy. Ol ruhy taýdan gaty agyr trillerdi. Men kim, hekim bomak, onda-da psihoterapwt bolmak kim? Size hakykady aýtsam, doktor Jude Lawyň kim ýanyna geler we kim oňa özüni ynanar”.

Ýaşy ýaňy 40-dan agan Law indi özüni şol bir wagtyň özünde öňe we yza gitmek isleýän awtoulaga meňzedýär: “Men gaty köp, diýseň ýaramaz kararlar kabul edipdirin! Olary gaýtalamak islemezdim. Men özümi bir awtoulaga meňzetmek islesem, şol bir wagtyň özünde öňe we yza gitmek isleýän ýaly. Edil häzirki ýagdaýda deňagramlylyk şeýle görnüşde öňe ýa-da yza gitmäge mümkinçilik berýär. Başdan geçirenlerim meni öňe ümzükdirse gaty gowy bolardy. Ýöne soň men onuň jogapkärçilik ýüküniň aşagynda müzzerlip galmak islemeýärin ýa-da uçrurymdan aşak gaçmak ýa-da batgalyga batmak islemeýärin”.

Zenanlar

Jude Law paparazzileriň halaýan adamlarynyň biri boldy. Hatda mundan birnäçe ýyl owal “Scotland-Yard” Britaniýanyň meşhur tabloidlerinden biriniň Lawyň telefonlaryny diňländigi äşgär bolupdyr. Aktýor kazyýetiň üsti bilen şol žurnala ummasyz jerime töledipdir. Muňa garamazdan, paparazziler ondan el çekmändirler. Law olaryň gybat-gürrüňleriniň netijesinde, öz söýgülilerini yzgiderli üýtgedýän aktýor statusyna eýe bolupdyr.

Hatda Lawyň gündelik durmuşda salamlaşýan her bir zenanyny onuň söýgülisi ýaly edip görkezjek derejesine ýetipdirler. Ýöne ýagdaý görnüşi ýaly, ýagny has dogrusy görkezilmek islenişi ýaly däl. Law 44 ýyllyk ömründe aňry başy dört-bäş sany zenan bilen aragatnaşykda bolupdyr. Bu onuň hut özüniň aýtmagyna görä şeýle! Eger gatnaşygyň çynlakaýlygy nazarda tutulanda, bu sanyň ikä çenli azalaýmagy-da mümkindir.

Jude Law we geljekdäki ýanýoldaşy Sadie Frost “Şopping” kinofilminde
Jude Law we geljekdäki ýanýoldaşy Sadie Frost “Şopping” kinofilminde

Jude Law ilkinji we ýeke-täk ýanýoldaşy, aktrisa Sadie Frost bilen ilkinji gezek surata düşen kinofilminiň meýdançasynda tanşypdyr. Tomaşaçylar Sadie Frosty Bram Stokeriň “Drakula” kinofilmindäki Lýusi Western roly bilen tanaýarlar. Law bilen Frost tanşan mahaly aktrisanyň adamsy we çagasy bar ekeni. Ýöne Jude bilen biri-birine şeýle aşyk bolupdyrlar welin, adamsyndan aýrylyp, oňa durmuşa çykmaga razy bolupdyr. Çatynjalaryň toýy Temzada gäminiň üstünde geçirilýär. Jude söýgülsiniň hormatyna eline “Seksi Sadie” diýen tatuirowka suratyny çekdiripdir. Sadie bilen Judeniň maşgalasynda Rafferti atly ogan we Aýris atly gyz çaga dünýä inýär. Law özüni durşy bilen maşgala işlerine we çagalaryna terbiýe bermäge gönükdiripdir.

Maşgala gatnaşygyndaky romantikany gorap saklamak maksady bilen çatynjalar durmuş toýunyň bolan gününi ekzotiki täsin adalarda gutlaýarlar. Olar yzygiderli romantiki garaýyşlary beýän edýärler we özlerine romantiki atmosfera döredýärler. Ýöne muňa garamazdan, olaryň maşgala gatnaşygy gowşamaga we romantika azalmaga başlaýar.

Sadieniň durkuny düýpgöter üýtgeden üçünji çagasyna göwreli bolan mahaly Lawyň ony ünsden düşürmegi, olaryň arasyndaky düşünişmezligi hasam möwjedipdir we özara gatnaşyklaryny ymykly sowadypdyr.

Jude öz söýgülisini tanalmaz ýagdaýa ýetiripdir. Mähriban Sadieniň ornuny her gün has erbet gahar-gazaba münýän, sähelçe zady göwnüne alýan bir ynjyk zenan alypdyr. Şeýle pursatlaryň başdan geçirilýän mahaly aktýora “Sowuk dag” atly kinofilmde rol teklip edilipdir. Ol synaglar üçin Rumyniýa gidipdir. Aradan kän salym geçmän, olaryň ikinji ogly dünýä inipdir. Ýöne körpe çaga hem olaryň nikasyny howpdan halas edip bilmändir.

Sadie diýseň agyr depressiýa duçar bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde-de adamsy Lawyň “Sowuk dag” kinofilminde bile oýnaýan aktrisasy Nikol Kidman bilen söýgi aragatnaşygynyň bardygy barasynda ýaýan habarlar onuň bu ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrypdyr.

Jude Law we Nikol Kidman “Sowuk dag” kinofilminde bilelikde oýnapdyrlar
Jude Law we Nikol Kidman “Sowuk dag” kinofilminde bilelikde oýnapdyrlar

Üns berilmeýändigi üçin olaryň kiçijik gyzy Aýrisiň ekstazly dermanlaryny içip zäherlenmegi bolsa, maşgala gatnaşygynyň çürt-kesik erbetleşmegine sebäp bolupdyr.

Jude Law aýrylşan mahaly aýalyna 18 million dollar bilen Londonyň etegindäki jaýyny beripdir.

Aktýoruň ikinji çynlakaý maşgala gatnaşygy amerikaly aktrisa Sienna Miller bilen bolupdyr. Edil başdaş aýaly Sadie ýaly onuň bilen gatnaşygy hem “Alfi” filmi surata düşürilýän meýdançada başlanypdyr.

Sienna we Law “Hollywoodyň” iň meşhur aşyklary hasaplanýar. Hemmeler olaryň durmuş gurup, maşgala gurjak gününe uly gyzyklanma bilen garaşýar. Ýöne owal aýdylan ýörgünli bir söz ýaly “Sen näçe hasap etseň ediber, gör-bak, pelek näme çotlaýar”...

Sienna söýgülisiniň çagalaryna seredýän hyzmatkär zenan bilen gatnaşyk gurandygyny öwrenýär we çürt-kesik onuň bilen aragatnaşyny goýbolsun edýär. Aktýor ilki bada öz şeýle etmişini boýnuna alman iňkär edenem bolsa, soň owalky aýaly we çagalary bilen bilelikde hemmelerden ötünç soraýar.

Aradan sähel salym geçensoň başga bir model we aktrisa zenandan bir gyz çagasynyň dünýä inendigi barada habar ýaýraýar. Üstesine Law özüniň dördünji çagasynyň bolandygy baradaky habary bir zenandan däl-de, žurnalistlerden bilýär. Ol aktrisa çaganyň ilkinji suratyny öz kakasyna däl-de, žurnalistlere görkezip, olara satýar.

Şeýle goh-galmagallar sowlansoň, 2009-njy ýylda Sienna Miller we Jude Law täzeden görüşmäge başlanam bolsalar, bu gezek olaryň gatnaşygy gaty gysga wagta çekýär, olar derhal aýrylyşýarlar.

XS
SM
MD
LG