Sepleriň elýeterliligi

Orsýet siriýaly gozgalaňçylaryň hüjümine gaýtawul berilendigini aýtdy


Howa hüjümine sezewar bolan kömek daşaýan ulag, Aleppo şäheriniň etegindäki Urm al-Kubra şäherçesi, 20-nji sentýabr, 2016

Howa hüjümine sezewar bolan kömek daşaýan ulag, Aleppo şäheriniň etegindäki Urm al-Kubra şäherçesi, 20-nji sentýabr, 2016

Orsýet Siriýanyň iň uly şäheri Alepponyň demirgazyk çetinde hökümet goşunlarynyň Orsýetiň howa güýçleriniň goldawy bilen “terrorçylaryň” hüjümine gaýtawul berendigini aýtdy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi 20-nji sentýabrda Al-Şkeif etrabynda bolan söweşlerde 40 hüjümçiniň öldürilendigini habar berdi. Maglumatda guryýer söweş ulaglarynyň we top ýaraglaryny göterýän ýük ulaglarynyň hem ýumrulandygy bellendi.

19-njy sentýabrda Siriýanyň harbylary Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň araçylygynda gelnen ok-atyşygy bes etmek baradaky bir hepdelik ýaraşygy yglan etdiler.

Orsýetiň harbylary Siriýanyň goşunynyň gozgalaňçylar hüjüm edýärkä ýaraşygy bir taraplaýyn saklamagyny “manysyz” diýip atlandyrdy.

Şol bir wagtyň özünde-de ABŞ-nyň hökümeti Alepponyň golaýynda kömek alyp barýan kerwene edilen hüjüm sebäpli “nägilelik” bildirdi. Siriýaly aktiwistler şol hüjümde azyndan 12 adamyň wepat bolandygyny aýtdylar.

BMG kerwene hüjüm edilendigini tassyklady, emma haýsy uçarynyň hüjüm edendigi nämälim galýar.

XS
SM
MD
LG