Sepleriň elýeterliligi

BMG Siriýa kömek ibermegini togtatdy


BMG-niň kömek ýüklerini alyp baran we howa zarbasyna duçar bolan ulag, Aleppo şäheriniň etegindäki Orum al-Kubra ýeri, Siriýa, 20-nji sentýabr, 2016.

BMG-niň kömek ýüklerini alyp baran we howa zarbasyna duçar bolan ulag, Aleppo şäheriniň etegindäki Orum al-Kubra ýeri, Siriýa, 20-nji sentýabr, 2016.

Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Aleppo şäheriniň golaýynda öz kerwenlerine edilen heläkçilikli hüjümlerden soň Siriýa iberýän ynsanperwer kerwenleriniň ählisini saklady.

BMG-niň ynsanperwer kömegi boýunça metbugat-wekili Jens Laerke kömek üpjünçiliginiň “howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýa baha berilýänçä” wagtlaýyn saklanýandygyny aýtdy.

Laerkeniň aýtmagyna görä, BMG-niň kömek boýunça koordinatory kömek daşaýan kerwenleriň ýurda barmagynyň dowam etdirilmegi üçin Siriýanyň hökümetinden rugsada garaşýar.

ABŞ-nyň hökümeti 19-njy sentýabrda bolan hüjüme “nägilelik” bildirdi. Siriýaly aktiwistler hüjümde azyndan 12 adamyň wepat bolandygyny aýdýarlar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Jon Kirby Waşingtonyň hüjümden “nägiledigini” aýdyp bu meseläni Siriýanyň prezidenti Başar al Assadyň ýarany Orsýet bilen göni gepleşjekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG