Sepleriň elýeterliligi

Alymyň durmuşyndan üç pursat


Şahym Gullyýew

Şahym Gullyýew

Belli alym, aýdym-saz sungatyny öwreniji professor Şahym Gullyýew 70 ýaşady. Ol bu ömürde köp iş edip bildi, amala aşmadyk borçlara-da hötde geldi.

Şol uly durmuşdan üç pursat

1-nji pursat. Gözleg

Ylym kitapdan başlanýar, arhiwden, dürli syýahat-gözleglerden gözbaş alýar. Aýdym-saz sungatyny öwrenijiler bularyň daşyndan, şol senet adamlaryny-da ýakyndan tanamaly bolýarlar.

Şahym Gullyýew ylmy derňewlere girişäýen badyna obalara gidip, bagşy-sazandalar bilen tanyşmaly boldy. Sebäbi olaryň her biriniň aýratynlygyny hem ussatlygyny diňe şu ýol bilen öwrenmek mümkindi. Ikinji bir mesele, ol bagşy-sazandanyň halypasy kim bolupdyr, ol öz halypasyna nä derejede eýerýär hem haýsy babatda öz ýoluny belli edýär? Bulary-da hut şol adamyň özi bilen gürleşip, onuň garşysynda oturyp diňläýmeseň, öwrenmek mümkin däl.

Şahym bu hyzmat üçin güýjüni-de, wagtyny-da gaýgyrmady. Dürli sebäpler bilen baglanyşykly ýurduň bar ýerinde diýen ýaly bolup gördi, aýdym-saz sungatyndan habarly bolanlaryň köpüsi bilen tanyşdy, olardan gymmatly maglumat toplady.

Şeýle gözlegleriň birinden gelende, ony ýolbaşçylaryň ýanyna çagyrdylar.

– Seniň üstüňden arza bar – diýip, oňa bir tagta kagyzy görkezdiler. – Sen diňe öz tiredeşleriň barada ylmy makala ýazýarmyşyň, öz ýakynlaryň atlaryny birinji nobatda getirip, ilki şolaryň aýdym-sazyny öwrenýärmişiň. Bu aýdylana nähili garaýaň?

Şahymy der basdy, uzak oýlanyp oturdy. Soňra başyny ýaýkap, ýagdaýy düşündirdi.

– Muňa düýpden ýalan-a diýip bilmen. Meniň edil öz tirämden, ýakyn garyndaşlarymdan saýlanyp duran bagşy-sazanda ýok. Ýöne başgalara-da “keseki” diýip bilmen. Nirä gitsem, öz agamyň öýüne baran ýaly bolýan: Gyzyletrekde Nurberdi Gul, Ýolötende Oraz Bagybek, Maryda Han Aky, Tagtabazarda Ödenyýaz Nobat – olaryň her biri maňa “inim”, “Şahym jan” diýip ýüzlenýäler. Garyndaşym däl, ýöne ondan has ileri adamlar, men olara nädip “başga tireden” ýa “öz ýakynym däl” diýeýin? Şonuň üçin bu meseläni özüňiz çözüň.

Ol her zatdan galsa-da, halk içine gitmekden, täsin senet adamlary bilen duşuşmakdan hiç wagt ýüz öwürmedi. Şol etnografiki syýahatlar, dürli duşuşyklar oňa doktorlyk işini taýýarlamaga mümkinçilik döretdi. Ol “Türkmen sazy. Miras” atly düýpli ylmy işi üçin, baý maglumat toplady.

2-nji pursat. Gadaganlyk

– Meniň şunça okap, şunça ýaşap düşünmedik zadym bar – diýip, Şahym gürrüň berýär. – Syýasy hökümet nusgawy aýdym-sazyň bir bölegine gadaganlyk girizýär. Arhiwde saklanýan, ýüzüne gadaganlyk möhüri goýlan ençeme aýdym-sazy diňläp, muňa geň galdym. Meselem, Sahy Jepbaryň “Nowaýy” heňinden aýdan aýdymlaryna, Magtymguly Garlynyň dessanlardan aýdan ençeme aýdymyna gadagançylyk girizilipdir. Näme üçin? Olar marksizimi-leninizmi ret edýärlermi, Kommunistik partiýanyň abraýyna kölege salýarlarmy? Olar gadymy senet ahyryn. Ýöne köpçülige ýaýratmak, halka eşitdirmek gadagan diýlipdir.

Mundan hem ýowuz çäreler bar. Meselem, Nobat bagşy, Hydyr bagşy ýaly ussatlary “halk duşmany” diýip ýoklapdyrlar. Olaryň senedine-de, elbetde, gadaganlyk girizilipdir. Başgaça aýtsak, senet hem “türmä basylypdyr”. Men şu meseleleri bir jogapkär adam bilen maslahatlaşyp ýa ondan munuň sebäbini sorap bilmedim.

Beýle gadaganlyklar şol döwür bilen tamamlanmady. Ýurt Garaşsyzlygyny alansoň, Eýrana hem Owganystana gidip, ildeşlerimiziň sungaty bilen tanyşmaga şert döredi. Başyndan inen howp zerarly ene topragy terk eden bagşylar az bolmandyr. Ençeme aýdymlary döreden, senede täzelik girizen Çowdur körüň yzlaryny Türkmensähradan gözlemelidi. “Gyrmyzy” ýaly beýik eser döreden Garly bagşyny Owgansytandan tapmalydy. Ýöne bu başa barmady, gaýtam professional sungata höwes peselip, gadagançylyk artyp ugrady.

Ol agyr gadaganlygy doktorlyk işini taýýarlandan soň gördi. Köp yhlas, agyr zähmet siňdirilen iş gereksiz boldy. Şahym öz ýolundaky kynçylyklary, göze görnüp durmaýan böwetleri bilse-de, işini dowam etdirdi. 1998-nji ýylda, Daşkent şäherine gelip, doktorlyk dissertasiýasyny gorady.

3-nji pursat. Elden gelmez hyzmat

2002-nji ýylda Gazagystanyň Kurmangazy adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň rektory, hanym J. Ýa. Aubakirowa Şahym Gullyýewi Almaty şäherine işe çagyrdy. Gazagystan Döwlet konserwatoriýasyna ylymlaryň doktory, ýokary derejeli professorlar gerekdi, olar Alymlar geňeşiniň toparyny artdyrmak isleýärdiler.

Bu ýerde haýal etmezden Soros fondunyň ýardamyndan peýdalanyp, W. A. Uspenskiý bilen W. M. Belýaýewiň “Türkmen sazy” atly gymmatly işini çapa taýýarlady. Işi ýaňadan redaktirledi hem oňa sözbaşy ýazdy.

Bu gymmatly işiň 1-nji kitaby 1928-nji ýylda çap bolupdyr. 1936-njy ýylda onuň 2-nji kitaby çyksa-da, köpçülige ýaýramandyr. Sebäbi ol işi ýola goýan adamlar, owaly bilen alymlaryň arkadaýanjy bolan hökümet baştutany Gaýgysyz Atabaýew, olara gymmatly maslahat beren hem ýol görkezen Han Ýomudskiý, Muhammetmyrat Nepesli ýaly adamlar “halk duşmany” hökmünde ýok edilipdir.

O zamandan 40 ýyl gowrak wagt geçensoň, türkmen sazyna aýratyn hormat goýýan, moskwaly alym Eduard Ýefimowiç Alekseýýew Aşgabada köp gatnap, şol işi çap etdirmek isledi. Işiň 1-nji kitabyny çykaryp bilse-de, 2-nji kitaby çap etdirmek asla başa barmandy.

Tas 70 ýyllap dürli bökdençlikler sebäpli saklanan şol işe ahyrynda Şahym Gullyýew hötde geldi. Bu hyzmaty eline alan belli alym E.Ý. Alekseew şeýle ýazdy.

“Şahym Gullyýewiň makalasynyň äheňi – mylaýym hoş sözi begendirýär. Ol başgalaryň aýdyp bilmedik sözüni aýtdy. Bu işi ol Aşgabatda däl-de, Alamatyda amala aşyrdy. Kitaba Türkmenistan nähili garar? Megerem, hemmeler ýokary eserdeňlikde bolmasa gerek. Ýöne bu möhüm däl. Indi okyjylaryň özi muny kesgitläp biler.”

Munuň ýany bilen ol özüniň köpýyllyk hyzmaty bolan fundamental işi “Türkmen sazy. Miras” atly kitabyny-da Almatyda Soros fondunyň ýardamy bilen çat etdirdi.

Professor Şahym Gullyýew Almaty Konserwatoriýadan soň, Gazagystanyň Ylymlar akademiýasynda az salym işledi. Soňra ýaşaýyş jaýyň nyrhy hem durmuş derejeleri arzan diýip, Taldykorgan şäherine göçüp, bu şäherdäki Ilýas Jansugurow adyndaky Jetisu (Ýedi suw – ýedi derýa) Döwlet uniwersitetiniň aýdym-saz mugallymlaryny taýýarlaýan bölüminde ýaşlara bilim berdi.

Ol halakara derejesinde tanalýan etnografik saz öwreniji alym hökmünde ykrar edildi hem ençeme ylmy geňeşleriň agzalygyna saýlandy.

Şol wagtyň özünde Türkmenistana alym hem, saz öwreniji-de gerek bolmady. “Gülüň biten ýerinde gadyry ýok” diýipdirler. Ýöne bu güle bolan söýginiň unudylmalydygyny aňlatmaýar.

Şol göreşler bilen alym 70 ýaşyny doldurdy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy garaýşydyr.

XS
SM
MD
LG