Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG: Türkmenistanyň adamkärçilik ölçeglerine serediler


ÝHHG-niň ýyllyk maslahaty, Warşawa
ÝHHG-niň ýyllyk maslahaty, Warşawa

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň adamkärçilik ölçegleriniň berjaý edilişi boýunça ýyllyk konferensiýasy geçirilýär.

19-30-njy sentýabr aralygynda Polşanyň paýtagty Warşawada geçirilýän bu ýyllyk çäresinde guramanyň agza ýurtlarynyň adam hukuklaryny berjaý edişine syn edilýär.

Bu ýyllyk çäresine şu ýyl Türkmenistanyň resmi toparynyň hem gatnaşýandygy habar berilýär. Türkmenistan geçen ýylda bu çärä öz resmilerini 12 ýyldan soň ilkinji gezek iberipdi.

ÝHHG-niň adamkärçilik ölçegleri boýunça bu halkara duşuşygynyň çäginde döwletleriň resmi hasabatlary bilen bilelikde hökümete degişli bolmadyk guramalaryň alternatiw maglumatlary hem diňlenýär.

21-nji sentýabrda “Demokratik ösüş we adam hukuklary boýunça merkeziň”, “Human Rights Watch”, “Memorial” we “Norwegiýanyň Helsinki komiteti” guramalarynyň gatnaşmagynda geçiriljek duşuşykda Türkmenistanda adamlaryň türmelerde ýitirim edilmegine degişli mesele gozgalar.

ÝHHG-niň adamkärçilik ölçegleriniň berjaý edilişi boýunça ýyllyk konferensiýasy Ýewropanyň adam hukuklary we demokratiýa boýunça iň uly halkara çäresi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG