Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz prezidentiniň ‘ýürek meselesi’ sebäpli Nýu-Ýorka sapary ýatyryldy


Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyz prezidentiniň ‘ýürek meselesi’ sebäpli Nýu-Ýorka sapary ýatyryldy
Gyrgyzystanyň prezidentiniň uçarda wagty döşünde agyry döräni sebäpli, onuň BMG-niň Nýu-Ýorkda geçýän sammitine etmeli sapary ýatyryldy.

Almazbek Atambaýewiň metbugat edarasynyň berýän maglumatyna görä, gyrgyz lideriniň uçary Stambulda gonan pursady, ol “döşündäki agyrydan ejir çekýändigini” aýdypdyr.

Mundan soň, dessine lukmanlar tarapyndan gerekli barlaglar geçirildi.

Prezidentiň metbugat edarasynyň beýanatynda “lukmanlaryň pikiriçe Atambaýewiň ýüreginde käbir meseleler bar ýaly bolup görünýär” diýilýar.

60 ýaşly Atambaýewiň 19-njy sentýabrdan bäri Türkiýededigi aýdylýar. Gyrgyz lideriniň metbugat edarasy Atambaýewiň “ýene birnäçe wagt” gözegçilikde saklanjakdygyny mälim etdi.

Nýu-Ýorkda gyrgyz delegasiýasyna ýurduň daşary işler ministri Erlan Abdyldaýew ýolbaşçylyk eder.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG