Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada BMG-niň kerweni bombalandy


BMG-niň ulaglary Türkiýe serhedinden Siriýa barýarlar.
BMG-niň ulaglary Türkiýe serhedinden Siriýa barýarlar.

Gözegçiler Siriýanyň aňsatlyk bilen baryp bolmaýan bir şäherine ynsanperwer kömeklerini alyp barýan kerweni harby uçarlaryň bombalandygyny aýdýarlar. Siriýanyň harbylary hem atyşyklary bes etmek üçin bellenen bir hepde möhletiň tamamlanandygyny aýtdylar.

Birleşen Milletler Guramasy kerweniň 19-nji sentýabrda bombalanandygyny tassyklady. Ýöne bu hüjümi haýsy tarapa degişli uçarlaryň amala aşyrandygy barada anyk maglumat ýok. Siriýaly aktiwistleriň aýtmagyna görä, hüjümde azyndan 12 adam ölüpdir.

Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy topary hüjümleri amala aşyran uçarlar ýa Siriýanyňky ýa-da Orsýetiňki diýýär. Bu toparyň aýtmagyna görä, atyşyklary bes etmek möhleti tamamlanaly bäri Alepponyň özüne we töweregine 35 gezek howadan zarba urlupdyr.

Amerikan hökümetiniň resmileri konwoýa hüjüm edilendigini tassyklap, bu işi atyşyklary bes etmek ylalaşygyna urlan çynlakaý zarba diýip atlandyrdylar.

Siriýanň barbylar 19-nji sentýabrda çykarylan beýannamada atyşyklary bes etmek möhletiniň tamamlanadygyny yglan edip, "ýaragly terrorçy toparlaryň" ony öwran-öwran bozandygyny aýtdylar.

Beýannamada bu toparlar atyşyklaryň kesilmeginden öz güýçlerini toplamak we ýaraglanmak üçin peýdalanyp, hökümetiň kontrollygyndaky etraplara hüjüm edenlikde aýyplanýar.

Waşingtonda Döwlet departmentiniň sözçüsi Jon Kirbi Orsýeti Siriýanyň beýanatyny aýdyňlaşdyrmaga çagyrdy. Moskwa bir ýyl mundan ozal başlanan howa kampaniýasy bilen Siriýanyň hökümetini güýçlendirmäge synanyşýar.

Kirbi 19-njy sentýabrda beren beýanatynda: "Biz [prezident Başar al-Assada] täsir etmegi dowam etdirmekleri üçin orsýetli kärdeşlelerimiz bilen pikir alşarys" diýdi.

"Siriýanyň habrylaryna degişli beýanatlaryň bardygyny görýäris. Ýöne biziň ylalaşanymyz orslar. Siriýa režiminiň razylygyny almaly hem şolar. Şol sebäpden biz Orsýetiň öz tutumyny aýdyňlaşdyrmagyna garaşýarys".

Birleşen Milletler Guramasynyň sözçüsi Stephane Dujarriç bu gurama we Siriýanyň arab Gyzyl ýarymaý jemgyýetine degişli 31 ýük maşynynyň 18-ine zarba urlandygyny bildirdi.

Konwoý aşylmasy kyn Urm al-Kubradaky 78 müň adama ynsanperwer kömeklerini alyp barýarka bombalanypdyr.

Bu Orsýet 2015-njj ýylyň sentýabrynda urşa goşulaly bäri Waşington bilen Moskwanyň ylalaşmagy netijesinde atyşyklaryň ikinji gezek bes edilmegidir.

Ýöne başlangyçda söweşler ep-esli azalsa-da, zorlukly hereketler soňky günlerde artyp ugrady. Iberilen kömekleriň köpüsini ýetmeli ýerine ýetirip bolmady.

Ýaňy hepdäniň ahyrynda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky ýaranlygyň söweş uçarlarynyň Siriýanyň goşunyna degişli onlarça esgeri öldürmegi hem atyşyklary bes etmek ylalaşygyna zyýan ýetirdi.

Waşington bu hüjümiň ýalňyşlyk bilen bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG