Sepleriň elýeterliligi

Ak tam kömek kerweniniň urulmagynda Orsýeti günäleýär


Siriýa, weýran edilen kömek maşyny.

Siriýa, weýran edilen kömek maşyny.

Ak tam şu hepde Siriýada ynsanperwerçilik kömek kerwenine edilen ganly hüjümde gös-göni Orsýeti günäledi.

Bu hüjüm gazaply ýazgarmalara sebäp boldy we bir hepdelik ýaraşygy synmagyň gyrasyna getirdi.

Milli howpsuzlyk geňeşçisiniň orunbasary Ben Rhodesiň 20-nji sentýabrda aýdan sözleri Alepponyň golaýynda bolan hadysadan bäri Waşingtonyň eden iň gönümel aýyplamasy boldy.

"Bu ýerde diňe iki sany jogapkäriň bolmagy mümkin, ýa Siriýanyň režimi, ýa-da Orsýetiň hökümeti» diýip, Rhodesiň aýdan sözleri habar agentlikleri tarapyndan sitirlendi.

"Her niçik ýagdaý bolsa-da, biz bu ýerde urlan howa zarbalarynda Orsýetiň hökümetini jogapkär hasaplaýarys» diýip, ol aýtdy.
19-njy sentýabrda kömek getirýän ýük maşynlaryna we ammarlara urlan zarba azyndan 20 sany graždan adamy öldürdi.

Bu hüjüm BMG-niň Siriýadaky ähli ynsanperwerçilik kerwenlerini togtatmagyna getirdi. Şeýle-de bu BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-munuň adaty bolmadyk gaharly ýazgarmasyna sebäp boldy,ol bu hüjümiň arkasynda duranlary «namartlar» diýip atlandyrdy.

Siriýanyň Arap Gyzyl ýarym aý jemgyýeti hem Aleppo welaýatyndaky ähli işini, 19-njy sentýabrdaky hüjüme protest hökmünde, üç günlük togtadýandygyny aýtdy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi ynsanperwerçilik kerweniniň uruş uçarlary tarapyndan bombalanandygy baradaky habarlary ret etdi we oňa derek bu kerweniň ot alandygyny, Moskwanyň munuň Al-Nusra frontyň agzalary ýa-da Siriýanyň raýat goranyş guramasy bolan Ak kaskalylar toparynyň işidigine ynanýandygyny ýaňzytdy.

XS
SM
MD
LG