Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Günorta Koreýanyň üstünden bombaçy uçurýar


ABŞ-nyň B-1B bombaçylary

ABŞ-nyň B-1B bombaçylary

Birleşen Ştatlar, Demirgazyk Koreýa şu aýyň başynda ýadro synagyny geçireli bäri ikinji gezek, Günorta Koreýanyň üstünden iki sany ses tizliginden çalt uçýan bombaçyny uçurdy.

Guam adasynda ýerleşýän B-1B bombaçylarynyň biri21-nji sentýabrda Demirgazyk Koreýa bilen serhediň 120 kilometrliginde ýerleşýän howa bazasynda gondy.

ABŞ-nyň harby-howa güýçleri bu uçarlaryň Birleşen Ştatlaryň kuwwatyny we Koreýa ýarymadasyndaky we sebitdäki howpsuzlygy gorap saklamaklyga ygrarlydygyny görkezmek üçin uçurylandygyny aýtdy.

Koreýa ýarymadasynda duşmançylyk güýçlenende şonuň ýaly uçuşlar adaty bir zat. Birleşen Ştatlar Demirgazyk Koreýa 9-njy sentýabrda ýadro synagyny geçireninden soň, geçen hepde hem Günorta Koreýanyň üstünden iki sany B-1B uçaryny uçurdy.

Phenýan 20-nji sentýabrda özüniň hemralary uçurmak üçin täze raketa motoryny ýer astynda «üstünliki» synag edendigini aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň kosmos tagallalary bu ýurduň gadagan edilen raketa synaglaryna we uzak aralyga ýetýän ýadro ýaraglaryny edinmek maksadyna perde hökmünde görülýär.

XS
SM
MD
LG