Sepleriň elýeterliligi

Hollande: “Men hökümetdekäm, burkini gadagan edilmez”


Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollande

Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollande

“Prezidentlik möhletimde konstitusiýa taýdan bolşy ýaly durmuşa geçirilmegi hem mümkin bolmaýan şeýle kanun barada gürrüň gozgalmaz”.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollande ýurtda burkininiň gadagan edilmegi meselesinde özüniň pikrini açyk-aýdyň we çürt kesik ýagdaýda beýan edipdir.

Prezident bu sözi Fransiýada demokratiýa we howpsuzlyk meseleleri barasynda eden bir sagatlyk ýörite çykyşynda aýdypdyr.

Häzirki döwürde Fransiýada syýasy ýolbaşçylar ýurduň metbugatynda edýän çykyşlarynda, musulman zenanlarynyň ýüzi bilen el we aýak uçlaryndan galan ýerini ýapýan “burkini” diýip atlandyrylýan plýaž geýiminiň gadagan edilmegini isleýärler. Bu gadaganlyga garşy çykýanlar bolsa, muny jynsparazlyk we yslama garşy hereket hasaplaýarlar.

Prezident Hollande öz çykyşynda, Fransiýadaky soňky terrorçylykly hüjümleriň ýurtda dartgynlylyk bilen gokry ýaýradandygyna üns çekipdir. Ol edil beýleki dinlerde bolşy ýaly, yslam dinini hem adaty ýagdaýda kabul edip, oňa sarpa goýulmagynyň zerurdygyny belläpdir.

Onuň çykyşyny diňleýänler hem bu sözlere güýçli el çarpyp, uly goldaw beripdirler.

“Konstitusiýa islän durkuňa girizilýän jisim däl ahbetin”

“Fransiýanyň konstitusiýasy her raýatyň islenine görä öz durkuny üýtgetýän bir jisim däl ahbetin. Biz islleýşimiz we öwrenşenimiz ýaly ýaşamakdan ýüz öwürmezden, öz howpsuzlugymyzy üpjün etmelidiris. Men fundamentalistleriň biziň respublikamyzyň binýady bolan kadalary üýtgetmäge synanyşmagyna rugsat bermerin. Olaryň musulmanlary öz bähbitlerine pida etmegine hem pursat döretmeris”.

Prezident Hollande şeýlelikde geljek aýlarda we galyberse-de ýakyn geljekde Fransiýanyň öz durkuny hem tutanýerli güýjüni gorajakdygy barasynda söz beripdir. Köpsanly synçy bolsa, onuň bu aýdan sözlerine “soňky wagtlarda şan-şöhrady gaty pese gaçan bir lideriň gaýtadan saýlanmaga islegi” görnüşinde baha beripdir.

Fransiýanyň jemgyýetini tapawutly toparlara bölen jedelleşikli syýasy-jemgyýetçilik dawalar, şol sanda terrorçylykly hüjümler we burkiniň gadaganlygy meselesi Hollandeniň prezidentlik wezipesini başarjaňly ýagdaýda alyp barmagyna päsgelçilik döredipdir.

Ýurtda onlarça şäher häkimligi plýažlarda burkiniň geýilmegini gadagan edipdir. Hatda Fransiýanyň Ýokary kazyýetiniň bu gadaganlygyň raýat azatlyklaryna laýyk gelmeýändigi barada karar kabul etmegine garamazdan, henize çenli birnäçe ýerde şeýle gadagançylyk öz güýjüni gorap saklamagy dowam edipdir. Gadagançylyga eýermeýän zenanlara jerime salynýar.

Olara garşy görülýän çäreler bolsa, köpçüligiň öňünde burkinili çykarmaga mejbur edilmegine çenli baryp ýetýär.

Burkini ýurtda gaty giň gerimli syýasy-jemgyýetçilik jedeller döretmek bilen bilelikde, halkyň arasynda agzalalyga hem sebäp bolupdyr. Gadagançylyga bildirilýän seslenmeler bolsa Fransiýanyň çäginden hem çykypdyr.

“Burkini – zenanyň mata oranyp tussag edilmegidir”

Syýasatçylaryň arasynda hem burkini baradaky garaýyşlar diýseň tapawutlanýar.

Prezident burkini baradaky garaýşyny aç-açan hem çürt kesik ýagdaýda beýan edenem bolsa, primýer ministr Manuel Walls ondan tapawutly pikir edýär. Ol geçen aý eden çykyşynda, şeýle eginbaşyň Fransiýa respublikasynyň gymmatlyklaryna gabat gelmeýändigini nygtapdyr.

Owalky prezident Nikolas Sarkozy hem burkini meselesine gaty tankydy çemeleşýär.

“Burkini – zenanyň mata oranyp tussag edilmegidir” diýen owalky prezident onuň ýurtda gadagan edilmegi barasynda çagyryş edipdir. Walls bolsun ýa-da Sarkozy, olar hijabyň uniwersitetlerde hem gadagan edilmeginiň tarapdary bolup durýarlar.

Hollande geljek ýyl geçiriljek prezidentlik saýlawyna gatnaşmagy ýüregine düwse, onuň esasy bäsdeşi owalky prezident Sarkozy bolar. Şonuň üçinem ol, eýýäm häzirden öz bäsdeşlerinden nähili tapawutlanýandygyny görkezmäge mejburdyr.

Prezident Hollande öz çykyşynda, fransuz jemgyýetiniň ünsüni agzybirlik we raýdaşlyk gymmatlyklaryna çekip: “Öz prinsipleriňden daşlaşmagyň dünýäni hoşal edip, has howpsuz ýagdaýa getirmeýändigini taryh subut edendir. Demokratiýa, munuň özi biziň üçin söweş etmek wagşylygyndan has güýçli çykar”.

XS
SM
MD
LG