Sepleriň elýeterliligi

Oxfam Ýemeniň "heläkçiligiň erňegine gelendigini" duýdurýar


Ýemen weýrançylygy

Ýemen weýrançylygy

Halkara kömek guramasy bolan Oxfam 18 aýlyk urşuň ýemeni «heläkçiligiň erňegine alyp gelendigini» duýdurýar.

“Ilatyň ýarysynyň iýmäge ýeterlik azygy ýok” diýip, Britaniýanyň sahawatlylyk guramasy 21-nji sentýabrda çap eden hasabatynda aýdýar.

“Käbir ýerlerde azyk harytlarynyň getirilmegine bilkastdan päsgelçilik döredildi" diýip,hasabatda bellenilýär.

BMG Saud Arabystanynyň 2015-nji ýylyň martynda şaýylardan ybarat huti pitneçilerine we olaryň ýaranlaryna garşy we Ýemeniň halkara ykrar edilen hökümetini dikeltmek üçin başlan kampaniýasyndan bäri 10 müňden gowrak graždan adamyň öldürilendigini aýdýar.

Oxfam öz öýlerinden gaçan bir müňden gowrak adam bilen söhbetdeş bolandygyny aýdýar.

Olaryň üçden biri howa zarbalary sebäpli öýlerini terk etmäge mejbur bolandygyny, bäşden biri öz öýleriniň ýykylandygyny, üçden ikisi bolsa 10 aýdan gowrak bosgunlykda ýaşaýandygyny aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG