Sepleriň elýeterliligi

Orsýetden Türkmenistana $3 million iberildi


Amerikan dollary

Amerikan dollary

2016-njy ýylyň ikinji kwartalynda Orsýetden Merkezi Aziýa ýurtlaryna pul geçiriş sistemalarynyň üstünden iberilýän pul serişdeleriniň möçberi, şu ýylyň birinji kwartalyndaky bilen deňeşdirilende, ýokary galdy.

Orsýetiň Merkezi bankynyň maglumatyna görä, birinji kwartalda Orsýetden Merkezi Aziýa ýurtlaryna 563 million dollar iberilen bolsa, ikinji kwartalda 2,438 milliard dollar iberilipdir.

Anyk ýurtlar barada aýdylanda, ikinji kwartalda Özbegistana 696 million, Täjigistana 495 million, Gyrgyzystana 487, Gazagystana 151 million, Türkmenistana 3 million dollar iberilipdir.

Şol bir wagtda Orsýetden Özbegistana, Täjigistana iberilýä pullar azaldy, Gyrgyzysytana iberilýän pullar köpeldi diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG