Sepleriň elýeterliligi

Rus ýazyjylaryň elýetmez söýgüsi


Wladimir Maýakowskiý we söýgüli Liliýa Brik

Wladimir Maýakowskiý we söýgüli Liliýa Brik

Rus edebiýatyna nazar salan mahalyň, kynçylykly hem hupbatly günleri başyndan geçirmedik ýeke ýazyja-da gabat gelmeýärsiň. Ýazyjylyk göýä görgi-azap bilen ekiztaý ýaly. Hut şeýle ýagdaýda, ýazyjylyk ýolunda ylham perisiniň orny nähili bolduka? Ýogsa-da, olar ýazyjynyň durmuş şertlerini hasam bulaşyk ýagdaýa öwürdirlermi ýa-da tersime, öz ylhamy bilen onuň ýüküni ýeňletdimikäler?

Azatlyk Radiosy rus ýazyjylarynyň beýik söýgüleri hakdaky makalany dykgatyňyza hödürleýär.

Maýakowskiý öz söýgülisiniň bosagasynda edil çaga ýaly aglapdyr.

Beýik ýazyjy Wladimir Maýakowskiý we Liliýa Brikiniň arasyndaky yşk söwdasy dillere dessan bolupdyr. Maýakowskiý meşhur şygyryny hem hut oňa bagyş edipdir:

Kesgir däldir maňa,

Seniň bakyşlaryňdan özge,

Pyçagyň kesgirligi deý bakyşyň.

Liliýa Brik – Maýakowskiniň çeken suraty

Liliýa Brik – Maýakowskiniň çeken suraty

Maýakowskiniň oňa bolan yşky gara gana bulanyp edilýän tansa meňzeýärdi. Olar tanşanlaryndan soň, Maýakowskiniň jany bir gün hem aram tapmandyr. Ol däli-diwana bolup, dürli duýgulardan joşup, hyjuwly hem hasratly ýagdaýda gün geçiripdir. Şahyr Liliýa Brik bilen onuň adamsynyň ýanynda gatnaşmaly bolan bir çakylygynda tanşypdyr. Şonda onuň okan “Jalbarly bulut” atly şygyry Liliýany özüne bendi edipdir. Birnäçe gün geçensoň, Maýakowskiý Lilýa Brikiň öýüne myhmançylyga barypdyr. Maýakowski şonda Lilýanyň akyl-huşuny başyndan alypdyr. Liliýa adamsynyň bardygyna garamazdan, Maýakowskiniň yşkyna düşüpdir we ony söýüp başlapdyr.

Maýakowskiniň durmuşynda ondan owalan söýgi tejribesi bolupdyr. Ýöne şol wagta çenli hiç haçan şeýle alawly yşkyň odunda ýanyp kül bolmandyr. Ol ilkinji gezek söýgülisine ýüzüne “LÝUB” diýip ýazlan bir sowgat ýüzük bilen özüniň aşyklygyny yglan edipdir.

Maýakowskiý şol bir wagtyň özünde onuň bilen owalky söýgülileri barasynda hem dostlukly ýagdaýda gürrüňleşip bilipdir. Haçan-da, Liliýa öz adamsy bilen bile ýatan mahaly, Maýakowskiý onuň bosagasynda oturyp, çagajyk ýaly aglaýar ekeni.

Şahyr diňe söýgülisi bilen duşuşan mahaly özüni gowy duýupdyr. Ol diňe şonda başdan geçirýän elhenç azaplaryndan dynyp, şu ýagty jahana dolanýan ýaly bolupdyr. Söýgi Maýakowskini ylham perisiniň güýjüne ynandyrypdyr we ony döredijilige hasam hyjuwlandyrypdyr. Ýöne şeýle ýaşaýşyň hem ahyry gelmelidi. Adam-oglunyň şeýle yşk odunyň azabyna uzak döz gelmegi mümkin däldir.

Maýakowskiý başa barmadyk söýgüsi üçin, özüni öldürmek barasynda eglen kararyny ylham perisine ýazan hatynda, onuň özüni söýmekden hiç haçan dänmezligini haýyş edipdir. soň göni ýüreginiň üstüne sapançadan ot açyp, janyna kast edipdir.

Platonow hem başa barmadyk söýgi sebäpli özüni öldürmek isläpdir

“Aýyñ ýalkymy we umman gijäm meniň” diýen sözler bilen Platonow öz aýalyny çagyrýar ekeni. Platonow öz aýalyna ony taryplap şeýle sözler ýazypdyr: “Şeýle owadan syratyňda, ölini direldýän obrazy görýärin”.

Ýazyjy söýgülisi Mariýanyň ilkinji adamsy ekeni we olaryň birnaçe çagasy bolupdyr. Ol maşgalasyny eklemek üçin, gije-gündiz jan aýaman zähmet çekipdir. Şonda-da hemişe öz söýgüli aýalyny elden gidirerin öýdüp gorkup gezipdir.

Platonow aýalyny özüne wepaly bolmazlykda aýyplapdyr. Gaty uzak bir ýerde bolan mahaly aýalynyň özüne gaty seýrek hat ýazmagy sebäpli kejebesi gaty darygypdyr. Umuman aýdylanda, aýalynyň özüne sowuk çemeleşmegi oňa diýseň elhenç jebir beripdir. Ýöne aýalynyň şeýle dözümlüligi onuň söýgüsini egismändir we yşk oduny öçürmändir.

Ol Maşa bilen gabatlaşan gününi edil betgabtçylykly bir pursat ýaly suratlandyryp: “Ol meniň şo bada ölüp hem gaýtadan direlen pursadymdy” diýip ýazypdyr.

Andreý Platonow we aýaly Mariýa Platonowa öz çagalary bilen

Andreý Platonow we aýaly Mariýa Platonowa öz çagalary bilen

Olaryň söýgüsi millionda bir seýrek duş gelinýan söýgi bolupdyr. Mariýa adamsynyň aýdan her bir sözüni ýürekden halapdyr we onuň söýgüsinden razydygyny nygtapdyr. Ýöne hiç wagtda ol öz adamsyna edil şol perdede mähribanlyk bilen jogap berip bilmändir. Ýagny onuň söýgüsi ýanyp duran däl-de, sowuk egoist söýgi ekeni. Ol hemişe bir zatdan nägile bolup, hemişe iňrdäp ýörüpdir. Adamsy onuň her bir hereketini höwes edip synlapdyr. Emma beýle ýagdaý aýalynyň piňine-de bolmandyr. Ol hemişe adamsyna ony nähili söýýändigini aýtmak isläninde aýdyp bilmän, säginip, özüni ýitirip durupdyr.

Günlerden bir gün Mariýa adamsynyň öz hyzmatkäri bilen özüne wepasyzlyk edendigini bilen mahaly gaty erbet aglapdyr. “Indi ylham perisi kime öwrülipdir. Ol seni goraýan we goldaýan adam ahbetin”... Platonow hem ol ýagdaýy şeýle beýan edipdir.

Platonow Mariýanyň aç-açan mähirsizliginden we perwaýsyzlygyndan bizar bolandygyny başga biri bilen oňä wepasyzlyk edip görkezmek isläpdir. Ýöne şonda-da Maşa hemişe dymmagy saýlap alypdyr. “Gowy içip serhoş boljak. Özümi jaýyň dördünji ýa-da altynjy gatyndan aşak taşlajak (ýöne ýere gaçan mahalym ölmän maýyp galaryn diýip gorkýaryn)”. Ýöne şonda-da ol ýazyjyny öldürmän, ony owalky ýaly azaply ýagdaýda ýaşamaga goýupdyr.

Iwan Turgenew 40 ýyl dostluk guran zenanyna aşyk ekeni

Turgenew söýgi ugrunda beýleki rus ýazyjylaryndan has ätiýaçly hem başarjaň bolupdyr. Onuň aýtmagyna görä, her bir zenana magşuk ýaly garamak zerurdyr.

Ol yzgiderli ýagdaýda hemişe başga bir zenan bilen tanşyp, assyrynlyk bilen asuda ýagdaýda oňa yşkyny ylgan edip, duýdansyzlykda ony elläp, öpüpdir. Turgenewiň pelsepesine görä, ýazyjynyň tebigaty onuň şeýle yşkyň odunda ýanyp, kül bolmagyny talap edýär. Onsuz döredijilik mümkin däl diýipdir.

Iwan Turgenewiň tutuş ömri boýunça yglan edilmedik söýgülisi Polina Wiardo

Iwan Turgenewiň tutuş ömri boýunça yglan edilmedik söýgülisi Polina Wiardo

Ýöne ykbal hatda Turgenew ýaly her gören zenanyna aşyk bolup, aňyny aldyryp ýören adama hem bir gün galanja bütin ömrüni bagyş etjek birini duşurýar. Ol bolsa öz döwrüniň tanymal aýdymçysy Polina Wiardo ekeni. Dogrusyny aýtmaly bolanda, olaryň arasynda dörändigi aýdylýan şeýle söýgi aragatnaşygy hiç wagt tassyklanmandyr. Ýöne olaryň hasratly ýagdaýda birek-birekden uzakda beýik söýgä tabyn bolandygy hemmelere äşgär ekeni. Aslynda Polina Turgenew bilen duşuşýança, öz maşgalasy bilen gaty bagtly hem şadyýan ýaşapdyr. Ol öz adamsyny-da gaty söýüpdir. Adamsy bilen Polina bir ýazyjy we beýik şahsyýet höküminde, Turgenewe uly sarpa goýupdyrlar. Olar wagtynyň aglaba bölegini Turgenew bilen geçiripdirler.

Ýazyjy ylaýyk otuz sekiz ýyl Wiardo maşgalasynyň ýanynda ýaşapdyr. Eserleriniň köpüsini Polinanyň beren ylhamy bilen ýazypdyr. Turgenew Polinanyň söýgüsinden üzňe ýagdaýda ýaşap bilmändir. Ol özüni bendi eden söýginiň elinden diňe hyýal äleminde sypyp bilipdir. Şeýlelikde, döreden eserleri bilen gahrymanlaryny umytsyz söýgi bilen söýmäge we eýdip-beýdip bir çykalgasyny tapyp, ondan bagtly bolmaga gönükdiripdir.

Ol Polina bilen ilkinji gezek duşuşan mahaly, zenam oňa diýseň mähirli çemeleşipdir. Şeýlelikde, gysga wagtyň içinde Turgenew Polinanyň maşgala agzalarynyp birine öwrüläýpdir. Polina bilen Iwan Turgenew hemişe çuw-ýalaňaç gezipdirler. Ýöne ol aýdymçy zenan Turgenewiň öz yşkynda perwanadygyny bilse-de, onuň ylham perisi bolmagy arzuw etmändir. Bu rol oňa diňe taryha öz adyny ýazdyrmakdan başga zada ýaramandyr. Onuň şeýle söýgi oýunlary Turgenewi özünden daşlaşdyrypdyr. Ahyrynda, Turgenew öz watany Russiýa dolanypdyr we soň gaýtadan Ýewropa Polinanyň ýanyna gidipdir.

Umuman, olar barada aýdylýan bar gep-gybatlar Turgenew bilen Polina Wiardonuň pynhan gatnaşygy hakda tutaryk bermeýär. Bu pynhan söýginiň döreden gatnaşygyny we oýunlaryny bolsa, diňe Turgenewiň eserlerinden tapmak bolýar.

XS
SM
MD
LG