Sepleriň elýeterliligi

Hanamow: Resmiler çykyşymy tankyt etdi, emma jogap bermedi


ÝHHG-nyň adamkärçilik ölçegleri boýunça ýyllyk konferensiýasyna gatnaşýan türkmen delegasiýasy, Warşawa, 20-nji sentýabr, 2016

ÝHHG-nyň adamkärçilik ölçegleri boýunça ýyllyk konferensiýasyna gatnaşýan türkmen delegasiýasy, Warşawa, 20-nji sentýabr, 2016

ÝHHG-nyň adamkärçilik ölçegleri boýunça ýyllyk konferensiýasyna gatnaşýan Türkmenistanyň resmisi türkmen oppozisiýa wekiliniň Türkmenistanyň ýapyk ýurtdygy, türmelerde ýitirim bolan syýasy tussaglaryň ykbalynyň nämälim galýandygy barada aýdanlaryny ret etdi.

20-nji sentýabrda geçirilen maslahata gatnaşan türkmen delegasiýasynyň başlygy Wepa Hajyýew özünden öň çykyş eden türkmen oppozisiýasynyň wekili Nurmuhammet Hanamowyň gozgan meselelerinde durup geçdi.

“Hanamowyň ýurduň ýapykdygy we hukuklaryň bozulýandygy barada aýdanlary boýunça, häzirki wagtda Türkmenistan 130-den gowrak halkara konwensiýasynyň we ylalaşygynyň gatnaşyjysydyr. Halkara kanun normalaryny netijeli durmuşa geçirmek we BMG-niň komitetlerine milli hasabatlarynyň wagtynda berilmegi maksatly Türkmenistanyň halkara borçlaryny ýerine ýetirmek boýunça pudakara komissiýasy döredildi” diýip, Hajyýew çykyşynyň bir böleginde aýtdy.

Tussaglaryň ykbaly

Türkmenistanyň daşynda döredilen “Respublikan partiýasynyň” egindeş başlygy Nurmuhammet Hanamow öz çykyşynda türkmen türmelerinde ýitirim bolan onlarça syýasy tussaglaryň ykbalyny anyklaşdyrmak üçin halkara jemgyýetçiligini türkmen hökümetine basyş etmäge we tussaglaryň ýanyna lukmanlaryň, aklawçylaryň, halkara guramalarynyň barmagyna ýol berilmegini gazanmaga çagyrdy.

Azatlyk Radiosy bilen Warşawadan telefon arkaly söhbetdeş bolan Hanamow şeýle diýdi: “Esasy gozgaýan meseläm, şol adamlar bilen näme üçin ne dogan garyndaşlary habarlaşyp bilýär, ne adwokatlar, ne-de Gyzyl hajyň wekilleri, halkara guramalaryň? Näme üçin şolaryň hiç biri türmede oturanlar bilen habarlaşyp bilenok? Şolar barada hiç hili habar ýok? Şolar bilen habarlaşmagyny, olaryň dogan-garyndaşlary bilen görüşmegini biz talap edýäris”.

Wepa Hajyýew öz hasabatyny jogap bermek hukugy bilen birleşdirýändigini belläp, “Respublikan partiýasynyň” başlygy Nurmuhammet Hanamowyň aýdanlaryny “hakykata gabat gelmeýän” we hatda “ýalan” hem “barlanmadyk” maglumatlar diýip atlandyrdy.

Türkmen resmisi hasabat berdik diýýär

Hajyýew “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýasynyň türkmen türmelerinde ýitirim bolanlaryň sanawy barada sözlän sözünde, hususan-da “104 adamdan ýarysyndan gowragy barada Türkmenistan tarapy maglumat berdi, soňky sapar şu ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşigine berildi” diýip habar berdi.

Emma “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýanyň guramaçysy Ýuriý Jibladze bu maglumatyň hakykata gelmeýändigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ýuriý Jibladze: "2015-nji ýylyň iýun aýynda adam hukuklary boýunça Brusselde geçirilen maslahatda türkmen resmileri uzak möhletli türme tussaglygyny başdan geçirýän 47 adamdan ybarat öz sanawyny berdiler. Şol sanawda biziň 87 adamy öz içine alýan sanawymyzdan diňe iki adamyň ady görkezilýär. Şu ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça Aşgabatda geçirilen dialogda olar biziň hasabatymyz boýunça ýene bäş adam barada informasiýa berdiler. Biz şol maglumaty barlaýarys. Emma türkmen resmileriniň informasiýasy garaşsyz çeşmelerden entek tassyklanmady. Türkmenistan bu mesele barada Ýewropa Komissiýasyndan başga hiç kime maglumat bermedi".

"Olary diri görkeziň!" atly kampaniýasy Türkmenistanda tussag edilip, ykbaly doly nämälim galýan adamlaryň sanawyny şu günki gün 88 adamy öz içine alýar.

Şeýle-de Wepa Hajyýew ýurtda adam hukuklary ugrunda edilen işler barada aýdyp, prezidentiň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynda resurs merkeziniň döredilendigini, 2011-nji ýyldan başlap häkimiýetleriň adyna Türkmenistanyň raýatlaryndan 21 şikaýatyň gowuşandygyny we häkimiýetleriň olar bilen hat alyşyp “pozisiýalar boýunça pikir alyşandygyny habar berdi.

'Takyk jogap berilmedi'

Hanamow türkmen resmileriniň ýygnaga gatnaşyp çykyş etmegini oňyn ädim diýip atlandyrdy, emma öz gozgan meselelerine takyk jogap berilmändigini belledi: “Dirimi, diri däldigini aýdanok. Diňe şol 104-den 50-den gowragy barada informasiýa berdik diýýär. Nähili informasiýa berilipdir, näme barada berilipdir. Dirimi ýa-da ýogaldymy, takyk jogap berilmedi”.

ÝHHG-niň adamkärçilik ölçegleri boýunça bu halkara duşuşygynyň çäginde döwletleriň resmi hasabatlary bilen bilelikde hökümete degişli bolmadyk guramalaryň alternatiw maglumatlary hem diňlenýär.

21-nji sentýabrda “Demokratik ösüş we adam hukuklary boýunça merkeziň”, “Human Rights Watch”, “Memorial” we “Norwegiýanyň Helsinki komiteti” guramalarynyň gatnaşmagynda geçiriljek duşuşykda Türkmenistanda adamlaryň türmelerde ýitirim edilmegine degişli mesele gozgalar.

ÝHHG-niň adamkärçilik ölçegleriniň berjaý edilişi boýunça ýyllyk konferensiýasy Ýewropanyň adam hukuklary we demokratiýa boýunça iň uly halkara çäresi bolup durýar, onuň dowamynda guramanyň agza ýurtlarynyň adam hukuklaryny berjaý edişine syn edilýär.

Türkmenistan ÝHHG 1992-nji ýylyň iýul aýynda agza boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG