Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Adam öldürilmegi baş-başdaklyga itekledi


Demirgazyk Karolinanyň gubernatory Çarlottede adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Demirgazyk Karolinanyň gubernatory Çarlottede adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Demirgazyk Karolinanyň iň uly şäherinde polisiýa ofiseri garaýagyz erkegi atyp öldüreninden soň ikinji gije, ýüzlerçe demonstrasiýaçynyň polisiýa işgärleri bilen çaknyşmagy netijesinde,zorlukly wakalar boldy.

Demirgazyk Karolinanyň gubernatory Çarlottede adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we milli gwardiýany hem-de patrullary düzgün-tertibi dikeltmäge çagyrdy.

Baş-başdaklyk 20-nji sentýabrda, Birleşen Ştatlaryň dürli şäherlerinde bolan we gahar-gazaba, jyns, garyplyk we polisiýa gatnaşyklary babatda çekişmelere getiren atyşyklaryň iň soňkusyna gaýtawul hökmünde başlandy.

21-nji sentýabr güni giçlik, ýüzlerçe protestçi Çarlottäniň merkezinde ýöriş geçirýärkä bir adam tüpeň okundan agyr ýaralandy. Biraz öň göz ýaşardyjy gaz wefleş-granatlaryny ulanan şäher polisiýasy özleriniň bu işde jogapkär däldigini aýtdy.

Bir gün öň, pitnä garşy polisiýa daş zyňýan we gysga wagt uly ýoluň çatrygyny petiklän demonstrasiýaçylar bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşykda azyndan 16 ofiser ýaralandy.

Polisiýa 20-nji sentýabrda tüpeňlenen 43 ýaşly Keith Skotuň ýaragly bolandygyny we ofiserleriň buýruklaryna gulak asmandygyny aýtdy. Emma muňa garamazdan, Skotuň maşgalasy onuň elinde ýarag däl-de, kitap tutup durandygynyaýdýar.

Geçen hepde polisiýa ofiseriniň ýaragsyz garaýagyz adamy atyp öldürişini görkezýän wideo peýda bolanyndan soň, şu hili protestler Tulsada, Oklahomada hem döredi.

Bu adamlaryň ölümi Birleşen Ştatlaryň kanunçylygy berjaý edýän gulluklarynda jynsy adalatsyzlyk babatda sorag döreden soňky hadysalar boldy. Olar noýabrda geçjek prezident saýlawlaryndan öň jyns we polisiýa gözegçiligi babatda çekişmeleriň güýçlenmegine getirdi.

XS
SM
MD
LG